Biz adam­la­ryň ýyl­lyk gir­de­ji­si­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän “Mil­li­on dol­la­ra çen­li gir­de­ji” at­ly sa­pak­la­ra ýa­ňy baş­la­ny­myz­da bu wa­ka hak­da il­kin­ji ge­zek eşi­dip­dik. Şon­da pro­fes­sor bi­ze şeý­le gür­rüň be­rip­di:
– Hem­me­le­re mä­lim bol­şy ýa­ly, adam ozal ýö­re­lip ga­tal­dy­lan ýol­dan ýö­re­me­gi go­wy gör­ýär – ol dart­gyn­ly, er­jel iş­le­ýär, ýö­ne üşük­lilik we ýi­ti­lik bi­len däl. Ýö­ne dur­muş­da üs­tün­lik ga­za­nyp, baý adam bol­mak üçin, özü­ňe zor sa­lyp iş­le­mek ýe­ter­lik däl. Iş pro­se­sin­dä­ki en­dik edi­len, öw­re­ni­şi­len ýö­rel­ge­le­ri boz­ma­ly, sak­la­nyp ga­lan en­dik­le­ri öz­ger­dip, tä­ze, dog­ry ýo­luň göz­le­gi­ne çyk­ma­ly.
Men daş-tö­we­re­gi sos­na­lar bi­len gur­şa­lan, To­ron­ta­dan bir sa­gat uzak­ly­kda­ky aja­ýyp ýer­de ýer­le­şen “Milk­fort” ote­li­niň oňat otag­la­ry­nyň bi­rin­de oty­ryn. Ys­sy iýul aýy baş­lap­dy. Men otu­ran kür­sim­den bir­nä­çe ädim uzak­lyk­da dur­muş bi­len paý­has­syz gö­re­şiň se­si­ne gu­lak as­ýar­dym. Ki­çi­jik ary pen­ji­re aý­na­sy­na özü­ni urup wyz­zyl­da­ýar­dy, gat­la­gy böw­süp geç­mek üçin paý­has­syz sy­na­ny­şyk ed­ýär­di, ýö­ne uly güýç­ler ony sak­la­ýar­dy.
Wyz­zyl­da­ýan ga­nat­jyk­lary onuň eýe­si­niň mak­sa­dy­na bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len şa­ýat­lyk ed­ýär­di: özü­ňe zor sa­lyp, dart­gyn­ly iş­le­me­li, şon­da aý­na­ny böw­süp ge­çip, er­kin­li­ge çy­kyp bol­jak. Ýö­ne ta­gal­la­lar boş ýe­re sarp edil­ýär­di we ha­las bol­mak üçin hiç hi­li umyt ýok­dy. Pen­ji­re aý­na­sy bi­len gö­reş – ga­pan ýa­ly bo­lup, has-da berk gys­ýar­dy.
Ary pen­ji­re aý­na­sy­ny böw­süp geç­mek üçin özü­ne ag­ram sa­lyp nä­çe urunsa-da, üs­tün­lik ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­li­gi ýok­dy. Ýö­ne ol aý­na­ny böw­süp geç­mek üçin öz öňün­de mak­sat go­ýup­dy we mu­nuň üçin er­jel­lik bi­len jan ed­ýär­di. Ary bu pen­ji­re aý­na­sy­nyň ýü­zün­de ölüp gal­ja­ga meň­ze­ýär­di. Ota­gyň beý­le­ki kün­jün­dä­ki ga­py açyk dur­dy. On se­kunt uçuş bi­len mak­sa­dy­ňa ýe­tip, er­kin­li­ge çy­kyp bol­jak­dy. Ga­nat­la­ry­ňy bir­nä­çe ge­zek kak­ýar­syň – ga­pan açyl­ýar we er­kin­li­ge çyk­ýar­syň. Gö­räý­mä­ge ju­da ýe­ňil we ýö­ne­keý… Nä­me üçin ary ha­las bol­mak üçin baş­ga ýol göz­le­jek bol­ma­ýar we pen­ji­re aý­na­sy­na özü­ni ur­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär? Eý­sem, bu ýo­luň ge­le­je­gi ýok ahy­ryn.
Çün­ki ary­da paý­has ýok we ol öz ba­şa­ryp bil­jek iş­le­ri­ni sa­nap bil­me­ýär. Ary­nyň saý­lap alan ýo­ly pe­ti­ge di­re­ýär, ýö­ne ol mu­ňa dü­şün­me­ýär.
Dur­muş­da özü­ňe çyn­la­kaý zor sal­man eme­le ge­len ýag­daý­dan akyl­ly-baş­ly baş alyp çyk­ma­ly. Çün­ki başa barmaýan zatlar üçin özümize agram salsak, ol bizi betbagt edýär. Kä­wagt şeý­le pi­kir­ler ada­ma zy­ýan be­rip, üs­tün­lik ga­zan­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny pu­ja çy­kar­ýar.