Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly, öň­den­gö­rü­ji­lik­li, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar­da bolşy ýaly, oba­se­na­gat pu­da­gyn­da ok­gun­ly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň iş­läp dü­zen yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri­niň giň ge­rim bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bol­sa, gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy­ny mä­käm ber­kit­mek­li­ge, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni düýp­li go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mek, oba ho­ja­ly­gy­nyň se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn ulan­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, hu­su­sy eýe­çi­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ryň pa­ýy­ny art­dyr­mak, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, eks­por­tuň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len gaý­ta­dan iş­le­ýän oba­se­na­gat önüm­çi­li­gi­ni in­no­wa­si­on esas­da ýo­la goý­mak, Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi dö­ret­mek we ola­ryň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ugur­la­ry kes­git­le­mek, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň oňyn ta­pa­wu­dy­ny art­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň hal-ýagdaýyny ýo­kar­lan­dyr­mak we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň oba ho­ja­ly­gy­nyň pa­ýy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy” hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018–2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy” ka­bul edil­di.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy sü­tün­le­ri­niň bi­ri bo­lan oba­se­na­gat top­lu­my­na goý­be­ril­ýän düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li ugur­la­ra gö­nük­dir­mek­de, oba­lar­da tä­ze yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek­de, ýer-suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak­da, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da, meý­dan­ça­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we umu­my pu­dak bo­ýun­ça gir­de­ji­li­li­gi, yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň dep­gi­ni­ni ös­dür­mek, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň esa­sy bo­lup dur­ýar. Вu mak­sat­lar­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ba­ha­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni ga­zan­mak, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, zäh­me­tiň gu­ra­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, sarp edil­ýän çyk­da­jy­la­ryň möç­be­ri­ni tyg­şyt­la­mak we äh­li ugur­lar­da dü­şe­wünt­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak esa­sy borç­la­ryň bi­ri­dir.
Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar öz­gert­me­le­ri­niň we ga­za­ny­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy ne­ti­je­le­riň göz­ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan döw­let ka­da­laş­dy­ry­ly­şy­nyň we döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň ýö­rel­ge­le­ri bar­dyr. Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­muş taý­dan göz öňün­de tu­tu­lan, dür­li eýe­çi­lik gör­nüş­le­ri­ne da­ýan­ýan, ba­zar şert­le­ri­ne tap­gyr­la­ýyn esas­da geç­mek­li­gi göz öňün­de tut­ýan ösen, kuw­wat­ly, döw­re­bap yk­dy­sa­dy ul­gam ke­ma­la gel­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň se­na­gat­laş­dyr­ma sy­ýa­sa­ty­nyň baş maz­mu­ny ýur­du­myz­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly, yl­myň we teh­ni­ka­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek­dir.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bin­ýat­lyk pu­da­gy bo­lan oba­se­na­gat top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­me­giň esa­sy mak­sa­dy ýur­duň azyk howp­suz­ly­gy­ny sak­lap gal­mak, eks­port edil­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, şol bir­wagt­da gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy gör­nüş taý­dan di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak we bäs­le­şi­ge ukyp­ly, ne­ti­je­li, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li önüm­çi­ligi eme­le ge­tir­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar.
Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi bol­sa, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.