Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekýän Bill Geýts öz blogunda tomusda okalmaly kitaplaryň sanawyny hödürledi.
– Şu tomusda meniň sanawnamama özeni ylym we matematikadan ybarat bolan birnäçe kitaplar düşdi. Ýöne meniň bu kitaplary saýlamagymyň ylym we matematika bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Bu diňe meni täzeçe pikirlenmäge mejbur eden we göwnümden turan 5 kitap – diýip, “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýts öz blogunda mälim edýär.
1. “Seveneves” Nil Stiwenson.
/Seveneves, Neal Stephonson/
2. “Nädip bimamla bolmaly däl”, Jordan Ellenberg. /How not to be wrong, Jordan Ellenberg/
3. “Derwaýys mesele”, Nik Leýn /The Vital Question, Nick Lane/
4. “Bäsleşigiň güýji”, Rioiçi Mikitani we Hiroşi Mikitani /The Power to Compete, Ryioichi Micitoni + Hirochi Micitani/
5. “Adamzadyň gysgaça taryhy”, Ýual Noa Harari /Sapiens: A Brief History of Humankind, Yual Noah Harari/