Ga­ryn­ja­la­ryň hin­le­ri adat­ça, ýe­riň aşa­gyn­da bol­ýar. Olar ýy­lyň do­wa­myn­da ýyg­nan azyk önüm­le­ri­ni ýe­ras­ty am­mar­lar­da sak­la­ýar. Eý­sem, ýa­gyş ýa­gan­da ola­ryň hin­le­ri­ni suw ba­syp, ga­ryn­ja­lar gark bol­ma­ýar­my­ka?! Ga­ryn­ja su­wa ga­çyp, soň­ra gu­ry ýe­re çyk­sa, oňa hiç zat bol­ma­ýar. Ol bel­li bir wagt he­re­ket­siz ýa­tan­dan soň­ra ýe­ne-de ýö­räp baş­la­ýar. Gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň kö­pü­si su­wuň için­de dem al­man, o di­ýen köp wagt çy­dap bil­me­ýär. Em­ma ga­ryn­ja­la­ryň dem al­ýan de­şik­le­ri örän ki­çi bo­lan­soň, onuň içi­ne suw gir­me­ýär. Şol se­bäp­li ga­ryn­ja­lar su­wuň aşa­gyn­da uzak wagtlap durup bilýärler. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ga­ryn­ja­lar ýa­gyş ýa­gan­da su­wuň için­de ýa­şa­ma­ýar. Olar ýa­g­şyň ysy­ny alan ba­dy­na, örän çyl­şy­rym­ly we öz­le­ri­niň ýa­şa­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­re­den hin­le­ri­niň ag­zy­ny ýap­ýar­lar. Ga­ryn­ja­la­ryň kä­bir gör­nü­şi ýa­gyş ýa­ga­nyn­da, su­wuň aky­my­na gö­rä gu­ry ýe­re bar­ýan­ça­lar bir-bi­rin­den ýa­py­şyp dur­ýar­lar. Ga­ryn­ja­la­ryň hin­le­ri “gur­lu­şyk teh­ni­ka­sy” ba­bat­da örän tä­sin­dir. Ola­ryň gi­ri­şin­de ýa­gyş su­wu­ny sow­ýan ýö­ri­te äti­ýaç hin­le­ri bol­ýar. Hin­le­riň üs­tü­ni bol­sa, örän mä­käm ýap­ýar­lar. Ýa­gyş su­wy edil ja­ýyň üçe­gi ýa­ly onuň üs­tün­den akyp geç­ýär. Aşa köp ýa­gyn ýa­gyp, ola­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne suw gir­se, ýyg­nap go­ýan çöp­ja­gaz­la­ry­na ýa-da bir-bi­ri­ne ýa­py­şyp, su­wuň ýü­zün­de sak­lan­ýar­lar. Ýa­gyş dy­nan­soň, hin­le­ri­niň ze­per ýe­ten ýer­le­ri­ni abat­la­ýar­lar.
Bu işeňňir jandaryň Ýer ýü­zün­de 12 müň tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Olar pla­ne­ta­my­zyň bio­mas­sa­sy­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar. Onuň 10 gö­te­ri­mi ter­mit­ler­den yba­rat­dyr. Ga­ryn­ja­lar iý­mit dan­da­ma­ýar. Göterip bil­jek aw­la­ry­nyň äh­li­si­ni top­la­ýar­lar. Ölen mör-mö­jek­le­ri hem top­lap, te­bi­ga­tyň aras­sa­çy­ly­gy­na hem go­şant goş­ýar­lar. Ga­ryn­ja­la­ryň kä­bir gör­nü­şi öz ag­ram­la­ryn­dan 50 es­se agyr ýü­ki gal­dy­ryp, 30 es­se ýü­ki bol­sa da­şap bil­ýär­ler.