Ha­ky­ky ady “Schtroumpfs” ýa-da “The Smurfs” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan “Smurf­lar” mult­fil­mi­niň dö­re­di­le­ni­ne 60 ýyl bol­dy. Hä­zi­re çen­li dür­li dil­le­re ter­ji­me edi­len mult­film­de jem­gy­ýet­de özü­ňi nä­hi­li alyp bar­ma­ly­dy­gy, jem­gy­ýe­tiň ag­za­la­ry­nyň is­len­dik bi­ri­ne kö­mek ze­rur bo­la­nyn­da, oňa bi­le­lik­de gol­daw ber­me­li­di­gi ün­del­ýär. Mult­film­de hiç ki­miň özü­ni hiç kim­den ar­tyk ha­sap­la­ma­ly däl­di­gi aý­dyl­ýar. Mult­fil­mi hem-de on­da­ky gah­ry­man­la­ry bel­gi­ýa­ly sun­gat us­sa­dy, bel­li su­rat­keş Pýer Kýul­li­for dö­red­ýär. Mult­fil­miň dö­re­dil­me­gi­niň 60 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, Brýus­sel­de “The Smurf Expe­ri­ence” at­ly ser­gi ge­çi­ril­di. On­da smurf­la­ryň “ýa­şa­ýan” oba­sy, on­da­ky gah­ry­man­lar su­rat­lan­dy­ry­lyp­dyr. Ser­gä gat­na­şy­jy­lar smurf­la­ryň to­kaý­ly­gyn­da ge­ze­lenç edip, kö­me­le­giň için­dä­ki öý­le­ri­ne gi­rip, gah­ry­man­la­ry bi­len gep­le­şip bi­ler­ler. Bu ýer­de 1000 tö­we­re­gi smurf şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ser­gi­niň ýol­baş­çy­sy Kloý Bi­uf smurf­la­ryň gys­ga wagt­da dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nan­dy­gy­ny, Kýul­li­fo­ryň tä­sin­lik­ler dün­ýä­sin­de ýa­şa­ýan gahrymanlary we ola­ryň baş­dan ge­çir­me­le­ri­ni dö­re­den­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu ýer­de ça­ga­lar üçin gyzykly oýunlar hem guralýar. Bu öz­bo­luş­ly ser­gä Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem gol­daw ber­ýär. Al­ty aý­lap do­wam et­jek ser­gi­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry hem giň­den or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Bu ýer­de ça­ga­la­ryň dynç al­mak­la­ry üçin dür­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. “The Smurf Expe­ri­ence” ser­gi­si­niň in­di­ki ýyl­dan baş­lap, 5 yk­lym­da ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di.
Dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek smurf­lar 1958-nji ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­da “Le Jo­ur­nal de Spi­rou” ko­miks žur­na­lyn­da peý­da bol­ýar. 1965-nji ýyl­da smurf­lar ba­ra­da­ky ko­mik­se esas­lan­ýan il­kin­ji ani­ma­si­ýa fil­mi “Les Aven­tu­res des Schtroumpfs” (Smurf­la­ryň baş­dan ge­çir­me­le­ri) Bel­gi­ýa­da gör­ke­zil­ýär. 1976-njy ýyl­da “Smurf­lar we ja­dy­ly tüý­dük” (The Smurfs and the Ma­gic Flu­te) ani­ma­siýasy fran­suz di­lin­de Bel­gi­ýa­da we Fran­si­ýa­da gör­ke­zil­ýär. 1979-njy ýyl­da Ang­li­ýa­da iň­lis di­lin­de gör­ke­zil­ýär. 1980-nji ýyl­lar­dan baş­lap, onuň ani­ma­si­ýa se­ri­al­la­ry il­ki iň­lis dil­li ýurt­lar­da ýaý­ra­ýar. Gys­ga wagt­da beý­le­ki dil­le­re-de ter­ji­me edi­lip, kör­pe to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. 1990-njy ýyl­lar­da bol­sa “Nin­ten­do” fir­ma­sy onuň oý­nu­ny dö­red­ýär. Onuň ko­miks­le­ri hem dür­li dil­le­re ter­ji­me edi­lip, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň kör­pe­le­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ne­şir­ýat­lar ko­miks ki­tap­la­ry­ny hä­zir­ki wagt­da hem çap ed­ýär­ler.
2011-nji ýyl­da ame­ri­kan “Colum­bia Pictu­res” kom­pa­ni­ýa­sy smurf­la­ryň 3D gör­nüş­li ani­ma­si­ýa­sy­ny çy­kar­ýar. Ki­no­teatr­lar­da gör­ke­zi­len bu ani­ma­si­ýa­nyň ikin­ji bö­lü­mi 2013-nji ýyl­da peý­da bol­ýar.