Suw ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak, aras­sa suw­dan peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, dün­ýä­de iri tas­la­ma­la­r dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hin­dis­ta­nyň Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri ümür­li ho­wa­dan suw ön­dür­ýän ab­zal oý­lap tap­dy­lar. Dur­nuk­ly hi­mi­ýa we in­že­ner­çi­lik (Sustainable Chemistry and Engineering) žur­na­lyn­da çap edi­len yl­my bar­lag­da bu ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ril­ýär. Dok­tor Wen­ka­ta Kriş­na­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, gu­rak ýer­ler­de ös­ýän, suw ze­rur­ly­gy­ny ho­wa­dan al­ýan bir­nä­çe ösüm­lik­ bar. Hünärmenler mu­nuň üçin çöl­lük ýer­ler­de ös­ýän ot­la­ry düýp­li öw­re­nip­dir­ler. Yl­my to­pa­ryň ag­za­sy di­ňe gün­de­lik en­dik­le­ri­mi­zi üýt­get­mek bi­len suw me­se­le­si­ni çö­züp bol­ma­jak­dy­gy­na, te­bi­gat­dan yl­ham al­ýan teh­no­lo­gik tä­ze­lik­le­re ze­rur­lyk du­ýul­ýan­dy­gy­na ün­si çek­ýär.
Ho­wa­dan suw al­mak ba­ra­da­ky pi­kir tä­ze däl. Hä­zir­ki wagt­da me­de­ni zo­lak­dan uzak gu­rak ýer­ler­de ýa­şa­ýan­lar üçin ho­wa­dan suw al­ýan en­jam­lar bar. Em­ma ola­ryň has kä­mil­leş­di­ril­me­gi we ne­ti­je­li bol­ma­gy üçin iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.