Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy Hindistanda telewizor zawodyny gurdy. Smartfon bazarynda öňdeligi eýeleýän kompaniýa “akylly” telewizor bazaryndaky ornuny hem mäkämleşdirýär. Täze önümçilik desgasy “Dixon Technologies” atly hindi şereketi bilen bilelikde guruldy. Hyzmatdaşlyk ýola goýlandan soňra “Dixon”-yň paýnamalary 4 % gymmatlady. 850 töweregi işgäri bolan zawod aýda 100 müň töweregi telewizor öndürer. Ilkinji nobatda Mi LED TV 4A 32 we Mi LED TV 4A 43 modelleri öndürilip başlanjak zawodda geljekde beýleki modeller hem çykarylar. Täze zawod daşary ýurtly maýadarlary çekmek üçin bu ýurtda önümçilik desgasyny gurmaga goldaw berýän “Hindistanda öndür” (Make in India) maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. 2014-nji ýylda ýola goýlan we 24 pudagy öz içine alýan maksatnamanyň çäklerinde häzire çenli milliardlarça dollarlyk maýa goýum özleşdirildi.