Ýaponiýada indiki ýyl synag sürüşleri ýola goýuljak otlynyň ýurduň iň ýokary tizlikli demir ýol ulagy boljakdygy habar berildi. Innowasion tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan otly daşky şekili babatda haýran galdyrýar. “Alfa-X” atly ulagyň häzirkilerden has ýeňil materiallardan öndüriljekdigi mälim edildi. Konstruktorlar aýtmagyna görä, otlynyň burny ozalkylardan has süýri bolup, ol tunnele gireninde, basyş tolkunlarynyň täsiriniň öňüni alýar. Şeýle hem onuň sarsgyny azaldyjy tehnologiýasy ýokary tizlikde barýarka ýolagçylaryň rahat oturmaklaryny üpjün edýär. Ýer yranmasyna garşy hem goralan jemgyýetçilik ulagy has berkligi bilen tapawutlanýar. Ol ýertitreme bolanynda relsden çykmaýar. Häzirki wagtda ýurtda hereket edýän ýokary tizlikli otlular sagatda 320 kilometr ýol geçýär. Täze otluda bu görkeziji 400 kilometre deň bolar.