Ýaponiýanyň Kosmos barlaglary agentligi tarapyndan işlenip taýýarlanan “Hayabusa 2” stansiýasy ýakynda “Ryugu” asteroidine baryp ýetipdi. Ol asman jisiminiň üstüne “Rover-1A” we “Rover-1B” atly enjamlaryny hem gondurdy. Kosmos enjamy ýokary durulykdaky ilkinji suratlaryny iberdi. ONC-T (Optical Navigation Camera – Telescopic) kamerasynyň alan suratlarynda asman jisiminiň ýüzüni aýdyň görüp bolýar. 21-nji sentýabrda düşürilendigi aýdylan suratlar 64 metr belentlikden ýazga alnypdyr. Onda kosmos enjamynyň kölegesi hem aýdyň görünýär. “Hayabusa 2” taslamasynyň çäklerinde uçurylan bu stansiýa kosmosdaky gymmat bahaly magdanlardan peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. Esasy kosmos gämisi “Hayabusa 2” asman jisiminiň ýüzünde partlaýjy arkaly emele getirjek çukuryndan nusgalyk alyp, ony 2020-nji ýylyň ahyrynda Ýere getirer. Astronomlar asman jisimlerinde ummasyz magdanyň bardygyny, olary Ýere getirmek bilen ykdysadyýeti has-da kuwwatlandyryp boljakdygyny belleýärler. Diňe “Ryugu” asteroidinde 83 milliard dollarlyk magdanyň bardygy aýdylýar.