Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagy, ýurdumyzda ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän eksport ugurly önümleri öndürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 27 ýylynyň içinde ykdysadyýetimize goýlan esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden hem köp artdy we 500 milliard manada ýa-da 185 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Munuň 68 göterimi, ýagny 335 milliard manada ýa-da 124 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Bu serişdeleriň hasabyna 2600-den hem köp önümçilik-tehniki we medeni-durmuş maksatly iri desgalar guruldy.
Milli Liderimiziň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda iňňän uly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilip, nebitgaz, himiýa, gazhimiýa, dokma we beýleki senagat pudaklarynda iri, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalar, zawoddyr fabrikler gurulýar. Şu ýylyň dowamynda-da şeýle ägirt uly kärhanalaryň birnäçesi gurlup, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň üsti ýetirildi.
Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe obasynda “Türkmen aýna önümleri” häzirki zaman kärhanasy, Balkan welaýatynyň çäklerinde gurlan we Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen “Garabogazkarbamid” zawody hem-de ýaňy-ýakynda açylan Gyýanlydaky polimer zawody bar. Bu iri kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanylýar.
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümçilik – ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrine, laminirlenen aýnanyň 100 müňüne, taplanan aýnanyň 300 müňüne, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrine deňdir. Kärhananyň önümleri dünýäniň dürli ýurtlarynda, hususan-da goňşy ýurtlarda – Özbegistanda, Owganystanda we Azerbaýjanda uly islegden peýdalanýar we bu ýurtlara ugradylyp başlandy.
Ýaňy-ýakynda ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, bir aý mundan ozal, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy. Zawod “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelikde guruldy. Döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty oba hojalygynda giňden ulanylýan azot dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyna deňdir. Bu zawodda öndürilýän önümleriň eksporta ugradylýan ilkinji tapgyrynyň öz müşderilerine gidýändiginiň şaýady bolduk.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän iri polimer zawody hem öz gezeginde dünýäniň iri desgalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda polipropilen hem-de polietilen dünýäde iň köp isleg bildirilýän önümleriň hatarynda durýar. Şeýle döwürde her ýylda 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürýän zawodyň ýurdumyzda gurulmagy, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny has-da berkider. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylan täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.
Polipropilen we polietilen dürli maksatly önümçilikde giňden peýdalanylýar. Haly önümçiliginde-de polipropilenden edilen ýüplükler ulanmaga başlandy. Umuman, polipropilen we polietilenden edilen önümler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda öz ornuny aldy. Häzirki wagtda polipropilen polimerleriň arasynda ulanmaklykda dünýäde polietilenden soňra ikinji orunda durýar. Günbatar Ýewropada, ABŞ-da, Hytaýda polimer önümçiligi ýokary derejededir. Soňky ýyllarda Russiýada-da polipropilen ulanmaklygyň möçberi artdy. Gollandiýa, Hytaý, Braziliýa we Saud Arabystany ýaly ýurtlarda polipropileniň köp mukdary öndürilýär.
Ýokardaky mysallarda-da görnüşi ýaly, dünýäde uly isleg bildirilýän şeýle önümleriň önümçiliginiň ýurdumyzda-da ýola goýulmagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eksport ugurly önümçiligiň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň milli baýlyklaryny netijeli ulanmak bilen, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Tawus ANNAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.