Türkmen döwleti özüniň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan gününden başlap parahatçylygy söýýändigini, ähli halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda ýaşamagy ýörelge edinýändigini dünýä äşgär edýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, ençeme döwletler bilen söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklaryň giňemegi, halkara maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilip durulmagy ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine kuwwatly itergi berýär we onuň bütin dünýädäki abraýyny belende göterýär. Häzirki döwrüň demokratik, hukuk we dünýewi döwletini ösdürmekde, barha kämilleşýän raýat jemgyýetini döretmekde, berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny ýokarlandyrmakda, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we pugtalandyrmakda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň 29-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşyny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli meseleleri çözmekde öňe süren teklipleri maslahata gatnaşyjy wekiliýetler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylarynyň birsyhly ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň tagallalary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça täze hukuk we guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamak barada yzygiderli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde energiýa serişdeleriniň durnukly hem-de howpsuz üstaşyr geçirilmegi, bütin dünýäde ekologiki abadançylygyň goralyp saklanmagy, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň bähbitlerinden ugur alnyp amatly ulag-üstaşyr gatnawlarynyň üpjün edilmegi babatdaky Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu günki gün özüniň oňyn çözgütlerini tapýar. Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen degişli Rezolýusiýalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Kabul edilýän täze Rezolýusiýalara ýüzlerçe döwletler awtordaş hökmünde çykyş edýärler. Ýene-de belläp geçmeli taryhy waka, ol hem üstümizdäki ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2019-2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagydyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän işjeň daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Elbetde, bu ykrarnamalaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň netijeli teklipleriniň diňe biziň ýurdumyz we sebitimiz üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin hem strategik ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär. Bu bolsa, häzirki günde dünýäniň esasy strategik meseleleri boýunça dürli ulgamlarda netijeli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek babatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynyň esasy mazmuny Owganystan döwleti üçin strategik mümkinçilikleri döretmek, Aral deňzini halas etmek meseleleri, dünýäde suw serişdelerine elýeterlilik we ony netijeli dolandyrmak, azyk howpsuzlygyny we ilatyň iýmitiniň gowulandyrylmagy, ähli ýerlerde sagdyn durmuş ýörelgesi, ähli zenanlar we gyzlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi, ýokary hilli bilim almak üçin şertleriň döredilmegi, sebitde we yklymda ulag gatnawlaryny ösdürmek, medeniýetleri ösdürmek, mirasy çuňňur öwrenmek, umuman aýdylanda, dünýäde parahatçylygy berkitmek hem-de hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlyklary has-da kämilleşdirmek bolup durýar.
Biz ylym-bilim işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmak we ösdürmek ugrundaky alyp barýan syýasatyny talyp ýaşlarymyza wagyz-nesihat etmegi özümize borç hasaplaýarys. Geljekde hem ösüşlere ukyply ýaşlary kemala getirip, agzybirlikde we jebislikde ata Watanymyzy şan-şöhrata beslemegiň hatyrasyna döredijilikli işläp beýik maksatlara ýeteris. Şeýle eşretli durmuşy bize peşgeş beren milli Liderimize köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän belent işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin Agaýewa,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk
institutynyň mugallymy.