Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň iň go­wy en­jam­la­ry bo­lan “Ma­te 20”, “Ma­te 20 Pro” we “Ma­te 20 X” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Lon­don­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da gör­ke­zi­len en­jam­lar ýo­ka­ry aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. “Hua­wei Ma­te 20” te­le­fo­ny­nyň FHD ek­ra­ny­nyň du­ru­ly­gy 2244 x 1080 pik­sel. “Ki­rin 980” mik­rop­ro­ses­so­ry otur­dy­lan mo­del “And­ro­id 9” ama­ly ul­ga­myn­da iş­le­ýär. “And­ro­id”-iň soň­ky gör­nü­şi hä­zi­re çen­li diňe “Pixel 3” smart­fo­nyn­da goý­lup­dy. “Hua­wei Ma­te 20”-de 12, 16 we 8 MP-lik üç sa­ny esa­sy ka­me­ra bar. Şeý­le hem öňün­de 24 MP-lik ka­me­ra bar. 158,2 x 77,2 x 8,3 mm ulu­ly­gyn­da­ky en­ja­myň 4GB RAM-y we 128 GB ýa­dy bar.
6,39 dýuým ek­ran­ly “Ma­te 20 Pro” en­ja­my­nyň AMO­LED ek­ra­ny­nyň du­ru­ly­gy 3120 x 1440 pik­sel. “Hua­wei” bu mo­del­de hem özü­niň iş­läp dü­zen “Ki­rin 980” mik­rop­ro­ses­so­ry­ny ula­nyp­dyr. “And­ro­id 9” ama­ly ul­gam­ly en­ja­myň RAM-y 6 GB, ýa­dy 128 GB. Smart­fo­nyň arkasyn­da 40 MP, 8 MP we 20 MP du­ru­ly­gyn­da 3 sa­ny ka­me­ra bar. Onuň öň­ki ka­me­ra­sy 24 MP. Smart­fo­nyň “Rever­se Char­ge” aý­ra­tyn­ly­gy bi­len beý­le­ki en­jam­la­ra zar­ýad be­rip bil­ýär.
Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da gör­ke­zi­len “Ma­te 20 X” beý­le­ki­le­rin­den has ulu­rak. 7,21 dýuým ek­ran­ly smart­fo­nyň ek­ra­ny­nyň du­ru­ly­gy 3120 x 1440 pik­sel. Arka ka­me­ra­la­ry­nyň du­ru­ly­gy 40 MP, 20 MP, 8 MP. Öň­ki ka­me­ra­sy 24 MP bo­lan te­le­fo­nyň RAM-y 6 we 8 GB. Smart­fon­la­ryň Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da­ky ba­ha­la­ry “Hua­wei Ma­te 20 X” 899 ýew­ro, “Hua­wei Ma­te 20” 799 ýew­ro we “Hua­wei Ma­te 20 Pro” 1049 ýew­ro.