ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de ýa­şa­ýan 10 ýaş­ly Sa­mai­ra Meh­ta at­ly gyz­ja­gaz ça­ga­la­ra kod­la­ma­gy öw­red­ýän “Coder­Bun­nyz” at­ly oý­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Al­ty ýa­şyn­da­ka kod­la­ma­gy öw­re­nen Sa­mai­ra se­kiz ýa­şyn­da “Coder­Bun­nyz” at­ly öw­re­di­ji komp­ýu­ter oý­nu­ny dö­re­dip­dir. Bu oý­nuň mak­sa­dy beý­le­ki deň-duş­la­ry­na kod­la­ma­gy öw­ret­mek­den yba­rat. Ol bu prog­ram­ma­ny dö­ret­me­gi­niň yzy­sü­re “Go­og­le” we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ça­ga­la­ra kod­la­ma öw­ret­mä­ge de­giş­li çä­re­le­re gat­naş­dy. Şeý­le hem, ol ça­ga­lar üçin oý­na­waç hem oý­lap ta­pyp­dyr. Şol se­bäp­li “Car­to­on Net­work” mult­film ka­na­ly­nyň ýol­baş­çy­la­ry “Po­wer­puff Girls” at­ly animasiýanyň bir bölümini bu gyzjagaza bagyşlapdyrlar. Bu onuň ab­ra­ýy­ny has hem art­dyr­ýar. Onuň dö­re­den oý­nu­nyň “Ama­zon” elekt­ron bö­lek söw­da saý­tyn­da 1000-den gow­ra­gy sa­ty­lyp, ep-es­li gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Sa­mai­ra­nyň hal­ka­ra teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da in­že­ner bo­lup iş­le­ýän ka­ka­sy Ra­keş oňa gol­daw ber­ýär. Gyz­ja­ga­zyň dö­re­den “Ha­wa, 1 mil­liard ça­ga kod­lap bi­ler” at­ly tas­la­ma­sy öw­re­di­ji oýun­ly kompýuterleriň mek­dep­ler­de ýaý­ra­dyl­ma­gy­ny we kod­la­ma­gy öw­ret­me­gi mak­sat edin­ýär.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, iň­lis­çe­si “coding” bo­lan kod­la­ma­ny gys­ga­ça, “bel­li şert­le­re we düz­gü­ne gö­rä, amal­la­ry ter­tip bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­tir­mek” di­ýip dü­şün­dir­mek müm­kin.