Has ygtybarly, sürüjiler üçin uly ýeňillik döredýän awtoulaglaryň sany barha artýar. Ýol hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bolan bu ulaglaryň işlenip düzülmegine tehnologiýa kompaniýalary hem goldaw berýär. Dünýäniň iň uly awtoulag bazary hasaplanýan Hytaýda şeýle ulaglara isleg ýokarlanýar. Ýurduň senagat we maglumat ministri Mýao Weý 2020-nji ýyla çenli “akylly” awtoulag bazarynyň 14 milliard dollardan geçjekdigini mälim etdi. Sürüjiniň işini ýeňilleşdirýän bu ulaglar kämil awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ministr bu ulaglaryň işlenip düzülmegi üçin köp ýurtdan meşhur kompaniýalaryň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen aýdyp, bu ugurda tehnologiýanyň ösdürilmelidigini belledi. Bu tehnologiýanyň gatnaw, energiýanyň sarp edilmegi hem-de daşky gurşawyň arassa saklanmagy babatdaky meseleleri aradan aýyrmakda we öňüni almakda ähmiýetlidigi aýdylýar. Ýurtda 2020-nji ýyla çenli satyljak ulaglaryň ýarysynyň dolulygyna ýa-da belli bir derejede awtonom bolmagyna garaşylýar. Şeýle ulaglary kämilleşdirmek üçin maýa goýýan şereketleriň sany artýar.