ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mo­to­sikl ser­gi­sin­de iki ti­gir­li ulag­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi ta­nyş­dy­ryl­dy. Gün­de­lik dur­muş­da aw­tou­lag­lar­dan has köp peý­da­la­nyl­ýan hem bol­sa, mo­to­sikl­le­riň hem muş­dak­la­ry az däl. Ula­gyň bu gör­nü­şi şä­her ýer­le­rin­de ýol dyk­ny­şy­gyn­da we ki­çi ýol­lar­da aw­tou­la­ga ga­ra­nyň­da has amat­ly ha­sap­lan­ýar. Ser­gi­de Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň önüm­le­ri ag­dyk­lyk ed­ýär. Mo­tor önüm­çi­li­gin­de bel­li brend­ler “Ya­ma­ha”, “Ka­wa­sa­ki” iň naý­ba­şy mo­del­le­ri­ni bu ýe­re ge­ti­rip­dir. “Van­der­hall” fir­ma­sy­nyň üç ti­gir­li “Car­mel roads­ter” ula­gy­nyň daş­ky gör­nü­şi­ne se­re­de­niň­de, özü­ňi 50-nji ýyl­lar­da ýa­ly duý­ýar­syň. “Hen­der­son” fir­ma­sy­nyň dört si­lindr­li he­re­ket­len­di­ri­ji­li mo­to­sik­li ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da­ky mo­to­ra meň­ze­ýär. Azi­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry bol­sa, has ar­zan ba­ha­ly mo­tor­la­ry we beý­le­ki iki ti­gir­li ki­çeň­räk ulag­la­ry bi­len ser­gä gat­naş­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bu ýurt­la­ryň önüm­le­ri­niň hi­li­niň bü­tin­leý go­wu­lan­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem ser­gi­de kwad­ro­sikl­le­riň hem bir­nä­çe gör­nü­şi bar. “Ar­go” fir­ma­sy­nyň kwad­ro­sik­li bol­sa ýol­suz ýer­ler­den, hat­da suw­dan geç­mä­ge hem ukyp­ly. “Ken­ny Ro­berts V5 Mo­toGP” he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lan “RSD KRV5” mo­de­li­niň şeý­le hem “San Die­go Cus­toms” fir­ma­sy­nyň “Har­ley” he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lan FXADV mo­de­li­niň az san­ly­sy ön­dü­ri­lip, olar kuw­wat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.