Ýa­po­ni­ýa­nyň iň uly ara­gat­na­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň bi­ri “NTT Docomo” ga­lyň­ly­gy 5,3 mil­li­metr bo­lan te­le­fon ön­dür­di. Dün­ýä­niň iň ýu­ka te­le­fo­ny in­di­ki aý­dan baş­lap, ýurt­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. 4G ul­ga­myn­dan peý­da­la­nyp bil­ýän en­ja­myň ulu­ly­gy bank kar­ty­nyň­ky ýa­ly­rak. Şeý­le­lik­de, ony gap­jy­ga sa­lyp hem gö­te­ri­ber­me­li. Bu en­jam uly smart­fon­la­ry bo­lan, em­ma ikin­ji te­le­fo­ny gö­ter­mek is­le­ýän­le­re ni­ýet­le­nen­dir. Ag­ra­my 47 gram­lyk te­le­fo­nyň ek­ra­nyn­da elekt­ron sy­ýa teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ýag­ny, ol köp tok ta­lap et­me­ýän, ak ga­ra elekt­ron ki­tap­la­ryň ek­ra­ny­na meň­zeş. Jaň et­mek, sms ug­rat­mak we in­ter­net­den peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan en­ja­ma tä­ze goş­ma­ça app­li­ka­si­ýa ýük­läp bol­ma­ýar. Onuň ka­me­ra­sy hem ýok. “Card Ke­tai KY-01L” at­ly te­le­fo­nyň önüm­çi­li­gi­ni elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “Kyocera” fir­ma­sy ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Onuň ba­ha­sy­nyň 32 müň ýen (285 $) bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.