Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda ýur­du­my­zy gur­şap alan öz­gert­me­ler, halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler bi­len bir ha­tar­da ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň sport paý­tag­ty hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da, hu­su­san-da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Aş­ga­bat iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän paý­tag­ty­na öw­rül­di. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry we dür­li ugur­lar­da ge­çi­ri­len Azi­ýa we dün­ýä çem­pio­nat­la­ry mu­ňa do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bat­ly ga­dam­lar bi­len ös­dü­ril­ýär we olaryň ge­ri­mi gi­ňel­dil­ýär. Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu sy­ýa­sat sag­dyn jem­gy­ýe­tiň dö­re­dil­me­gi­ne, berk be­den­li we sag­dyn ýaş nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ne hem-de olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sport sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, gö­zel paý­tag­ty­myz ýe­ne-de bir sport baý­ram­çy­ly­gy­ny, has ta­ky­gy agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ka­bul ed­ýär. Dost-do­gan­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty bu gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga sal­dam­ly go­şant goş­ýar.
No­bat­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şy üçin ýur­du­my­za dün­ýä­niň 100-e go­laý ýur­dun­dan 800-e go­laý da­şa­ry ýurt­ly tür­gen gel­di. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt­ly we­ki­li­ýet­le­riň dü­zü­min­de tä­lim­çi­le­riň 300-si, emin­le­riň 45-si, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň 70-si, sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň to­pa­ry, luk­man­lar bar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän 2018-nji ýy­lyň Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Hal­ka­ra Agyr at­le­ti­ka Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 100-den gow­rak hü­när­men iş­le­ýär.
Hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da meý­le­tin­çi­le­re hem uly orun de­giş­li­dir. Çün­ki olar ýü­ze çyk­ýan is­len­dik ýag­daý­da ýar­dam­çy hök­mün­de ýa­ryş­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär­ler. Bu ge­zek hem Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den meý­le­tin­çi­le­riň 500-e go­la­ýy myh­man­la­ra hyz­mat ed­ýär­ler.
Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek­de luk­man­çy­lyk taý­dan hyz­mat et­mek­de uly iş­ler edil­di. Bu ugur­da ge­çen ýyl ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň top­lan tej­ri­be­si­niň uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu ba­bat­da “Tiz kö­mek” to­par­la­ry­nyň gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da no­bat­çy­ly­gy gu­ral­dy, re­fe­rens-bar­lag­ha­na­lar we luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri işe do­ly taý­ýar edil­di. Çem­pio­na­ta sport luk­man­la­ry­nyň 32-si, sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň 400-den gow­ra­gy gat­na­şyp, luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­ny ed­ýär­ler. Döw­re­bap en­jam­la­ry bo­lan de­giş­li luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry ze­rur se­riş­de­ler bi­len hem ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün edil­di.
Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ry hem öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­jak tür­gen­ler we ýa­ry­şyň myh­man­la­ry üçin ýe­di mü­ňe go­laý ly­bas we es­bap taý­ýar­la­nyl­dy. Dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­ne gat­naş­ýan­la­ryň ly­bas­lar top­lu­my al­ty eşik­den – agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň, meý­le­tin­çi­le­riň, ýa­ry­şyň gu­ra­ma­çy­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, teh­ni­ki iş­gär­le­riň eşik­le­rin­den yba­rat­dyr. Je­mi eşik­le­riň 1300-e go­laý top­lu­my taý­ýar­la­nyl­dy. Tür­gen­le­riň eşi­gi ak-gök reňk­ler­de ti­ki­len. Gu­ra­ma­çy­lar, hyz­mat ed­ýän iş­gär­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we meý­le­tin­çi­ler üçin ly­bas­lar top­lu­my dür­li reňk­le­ri we öz­bo­luş­ly di­zaý­ner­çi­lik til­sim­le­ri, me­se­lem, ke­te­ni­niň ula­nyl­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Ýa­ry­şa dür­li ýurt­lar­dan gel­ýän myh­man­lar­dyr ýur­du­myz­da spor­tuň şu gör­nü­şi­ni ha­la­ýan­lar hem üns­den dü­şü­ril­män­dir. Türk­men dok­ma­çy­la­ry sow­gat­lyk­lar top­lum­la­ry­nyň uly tap­gy­ry­ny – agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ny­şa­ny ýer­leş­di­ri­len ýeň­siz köý­nek­le­ri, köý­nek­çe­le­ri, tor­ba­la­ry taý­ýar­la­dy­lar. Ola­ry ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­lar­dan sa­tyn alyp bo­lar.
Şu gün­ler gö­zel Aş­ga­ba­dy­myz agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň çe­ke­le­şik­li bäs­le­şik­le­ri bi­len dün­ýä­niň üns mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­men te­le­ýaý­lym­la­ry bi­len bir ha­tar­da dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da­ky sport muş­dak­la­ry ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­ne to­ma­şa ed­ýär­ler.
Ýa­ryş­lar­da tür­gen­ler 67-si al­tyn, 67-si kü­müş hem-de 67-si bü­rünç bol­mak bi­len, je­mi 201 me­dal ug­run­da bäs­leş­ýär­ler. Şeý­le ab­raý­ly ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri­mi­ze hem üs­tün­li­giň ýa­ran bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris. Türk­men spor­tu­ny dün­ýä ta­na­dan hem-de ýur­du­myz­da iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň, çem­pio­nat­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy­na uly gol­daw ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, tu­tum­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Tyl­la­gö­zel Nu­ry­ýe­wa,
TDLU-nyň mu­gal­ly­my.