Mälim bolşy ýaly, 1-nji noýabrda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegine 25 ýyl doldy. Döwlet Baştutanymyz bu barada şeýle diýýär: “Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi”.
Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gün-günden ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Pul dolanyşygynyň durnuklylygyny saklamak bu wezipäni amala aşyrmagyň esasy şertidir. Baş maksada ýetmekde ýurduň bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýum çeşmesini emele getirýär. Maliýe durnuklylygyny saklamak bilen bu işler has hem öňe ilerlemelere eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasaty durmuşa ornaşdyryldy. Ilata durmuş hajatlary üçin zerur bolan pes göterim bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk ugurlaryny ösdürmäge, täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, netijede raýatlaryň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmaga ýardam edýär.
Banka şahsy we edara görnüşli taraplardan pul serişdelerini çekmek, toplanan serişdeleri netijeli ýerleşdirmek meselesiniň düzgüne laýyk ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösdürilmegine, milli manadymyzyň hümmetiniň barha berkidilmegine ýardam edýär. Munuň goýumçylaryň we müşderileriň bähbitleriniň goraglylygynyň üpjün edilmegine ýardam edýändigini-de bellemelidiris.
Häzirki döwürde halkymyz dürli hyzmatlardan peýdalanýar. Aýdalyň, her bir raýatymyz maglumat-amal terminallary we bankomatlar arkaly degişli edara girmezden öýjükli telefon hyzmaty üçin, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty üçin tölegleri tölemäge, ipoteka karzlaryny tölemäge mümkinçilik aldy. Hatda, her bir etrapçada, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, ýol ugurlarynda öýjükli telefonlara pul geçirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň özi wagty tygşytly ulanmaga, durmuş aladalaryny azaltmaga ýardam edýär. Şeýle hem internet ulgamynyň hyzmatlary bilen bir hatarda, öý telefony we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin edaralara barmazdan tölegleri amala aşyryp bilýäris.
Bu ugurda halka hyzmat edýän dürli dükanlarda hem giň mümkinçilikler döredilen. Müşderi satyn alan harytlarynyň tölegini nagt däl hasaplaşyk arkaly töläp bilýär. Bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň giňeldilmegi ýolda sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna itergi berýär.
Internet bank hyzmaty – bu günki ösen jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Internet bank hyzmaty arkaly müşderiler ähli bank hyzmatlaryndan dünýäniň islendik ýerinde öz kart hasaby barada maglumat alyp, bank tarapyndan hödürlenýän dürli görnüşli amallary elýeterli we çalt görnüşde ýerine ýetirip bilýär.
Pul – halallygyň, peýdaly işlere amal etmegiň nusgasy. Ynsan puly degerli ýagdaýda ulansa, degerli işe sarp etse, onuň peýdasy ýokary bolup, durmuşy özgerýär. Durmuş akymy biziň her birimizden puly tygşytly tutmagy, oňa halallyk gaznasy hökmünde çemeleşmegi talap edýär. Ajaýyp döwrümizde milli manadymyza arassalygyň, halallygyň, päkligiň nyşany hökmünde garamak möhümdir. Çünki biziň ata-babalarymyz halallygy hemişe durmuş ýörelgesine öwrüp gelipdir.
Maýagözel Muhammedowa,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.