Şu günler pagtaçy babadaýhanlarymyz köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasylyň ýekeje hanasyny-da zaýa etmän, gysga wagtyň içinde ýygnap almak ugrunda gije-gündiz zähmet çekýärler. Şol zähmetiň netijesinde ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alynýar.
Mähriban Arkadagymyz pagta ýetişdirmekde ekerançylara uly ýeňillikleri döretdi. Pagta öndürijiler bol hasyl ýetişdirmekde tohum, dökün, tehniki hyzmatlardan peýdalanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalaryndan ruhlanýan pagtaçy kärendeçiler şol aladalara guwanyp, buýsanyp zähmet çekmek bilen ýurdumyzyň senagaty üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýän “ak altynyň” — pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda zähmet çekýärler.
“Ak altyn” türkmeniň rysgaly, baýlygydyr. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylary şu ýyl ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler. Olar Watan harmanyna 9 müň 250 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Olaryň yzysüre şeýle şatlykly habar Lebap welaýatynyň Hojambaz we Darganata etraplaryndan, Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplaryndan hem-de Mary welaýatynyň Garagum etrabyndan gelip gowuşdy. Bu etraplaryň pagtaçylary hem uly zähmet üstünligini gazanyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle şatlykly habarlaryň yzy üzülmän gelýär. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Ösdürilip ýetişdirilen bol hasyl boýunça hasaplaşyk işleriniň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki şahamçalary tarapyndan şol wagtyň özünde amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiziň babadaýhanlarymyzyň ajaýyp zähmetine berýän üns aladasynyň netijesidir.
Şu ýyl Türkmenistanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny taýýarlamak maksat edinilýär. Şu ýyl pagta ýygmakda geçen ýyldaka görä, 2,5 esse köp mukdarda, ýagny 1 müň 76 pagta ýygyjy kombaýnlaryň işlemegine mümkinçilik döredildi. Ol hem pagtanyň ýitgisiz gysga wagtda ýygnalmagyna şert döretdi.
Daýhanlarymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri – ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, ýokary öndürijilikli işlemek, bereketli bol hasyly ösdürip ýetişdirmek, oba ilatynyň abadan we bagtly durmuşy bilen bagly meselelere berilýän üns alada mynasyp jogapdyr. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen hem-de şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda biragyzdan kabul edilen başlangyçlary babadaýhanlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Halk Maslahatynda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy haryt öndürijileri giňden çekmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridiki şahslar hem-de raýatlar üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň mukdaryny 117 müň 774,9 gektar möçberde tassyklady. Bu resminama bilen şol gaznadan ýer böleklerini haryt öndürijilere 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek, ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek şerti bilen bermek bellenildi. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan şeýle möhüm özgertmeler pudagyň geljekde has-da ösdürilmegine hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilmegine şert döreder.
Baýmyrat SOPYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.