Meşhur rus aktýory Nikolaý Karaçensow 26-njy oktýabrda 73 ýaşynyň içinde Moskwada aradan çykdy. Nikolaý Karaçensow 1944-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwada doguldy. Ol 1963-nji ýylda Moskwanyň Çeperçilik teatrynyň ýanyndaky studiýa mekdebine okuwa girip, ony 1967-nji ýylda tamamlaýar we şol ýyl hem filmlerde surata düşüp başlaýar.
Ol 1977-nji ýylda RSFSR-iň at gazanan artisti, 1989-njy ýylda RSFSR-iň Halk artisti diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Karaçensow “Hormat” (1997), “Watan öňündäki hyzmatlary” (2009) ordenleri bilen sylaglanýar. Ol Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýragynyň (2002) eýesidir. 2016-njy ýylda Moskwanyň parahatçylyk gaznasy aktýory “Sungatda bitiren hyzmatlary üçin” altyn ordeni bilen sylaglady.
Karaçensow öz karýerasynyň dowamynda 140-dan gowrak filmde oýnady. Ol “Kupisinow bulwarynyň adamy”, “Ýunona we Awos”, “Elektronika hadysasy”, “Uly ogul”, “Ak nem damjalary”, “Bededäki it”, “Takwa Marta”, “Hazynalar adasy”, “Peterburgyň syry” we beýleki filmleri bilen halkyň arasynda giňden tanalýar. Aktýor 29-njy oktýabrda Moskwada depin edildi.