Dünýä ýüzünde ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekip, dynç almaga iň bir ygtybarly, oňaýly ýurtlaryň biri hökmünde tanalýan gözel ilimiz Türkmenistanda her bir raýat ýurduň baş gymmatlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşymyzyň gün-günden özgermegi üçin amala aşayrýan dünýä nusgalyk işleri raýatlarymyzda ýaşamaga, okamaga, döretmäge, gurmaga, halal zähmet çekmäge bolan islegini artdyrýar.
Ösüp gelýän ýaş nesiller Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty gelejegi, şu bagtyýar günlerimiziň gül-gunçalarydyr. Ýaş nesiller häzirki zaman şertlerinde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, dünýä ülňülerine kybapdaşlykda döwrebap bilim almaga, iň ajaýyp şertlere laýyklykda dynç almaga mümkinçilik tapýarlar.
Milli liderimiziň: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýen parasatly syýasatyndan gözbaş alýan, bu işler bu ugurda ýyl-ýyldan täze çözgütlere eýe bolýar.
Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanyp, tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň durmuşynda iň bir gyzykly möwsüm – sapaly dynç alyş möwsümi başlanýar. Kalby hyjuwly, ýüz-gözleri nurana körpeler bu möwsüme sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki her ýylda düýpli özgertmelere eýe bolýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri olaryň çaga göwnüne goşa ganaty bagyş edip, arzuwly pursatlaryň gujagyna atarýar.
Şu ýyl hem, geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2015-2016-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagtyýar körpeler üçin hem şatlykly pursatlara beslenýän dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açdylar. Şeýlelikde, körpeleriň müňlerçesi ertekileri ýada salýan şadyýan dynç alyş merkezleriniň gujagyna doldular.
Her ýylda çagalaryň döwrebap dynç alşyny guramak täze maksatnamalaýyn işleriň netijesinde amala aşyrylýar. Şu ýyl ýola goýlan şeýle işleriň çäginde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda gözel Gökderäniň gujagyndaky 14 çagalar sagaldyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy sapaly dynç almaga mümkinçilik tapdylar. Tomsuň gyzgyn günlerinde sergin dag howaly Gökdere gözellige beslenen durmuşy bilen çagalary hemmetaraplaýyn şatlyk bilen gurşady.
Ýurdumyzda şeýle dynç alyş ýerleri ähli künjeklerde hem körpelere şatlykly pursatlary bagyş edýär. Şeýle sapaly ýerleriň iň gyzgalaňly künjekleriniň ýene biri Bahry-Hazary ýakalap oturan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezleridir. Deňiz kenaryna gelşik berip oturan çagalar dynç alyş merkezlerinde şu ýyl bagtyýar körpeleriň 1 müň 780-si rahat dynç almaga, bedenlerini berkitmäge mümkinçilik tapdy. Mundan başga-da ýurdumyz boýunça dynç alyş meýdançalarynyň 700-den gowragy çagalaryň ygtyýaryna berildi. Bu işleriň ählisi çagalar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.
Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bagtyýar körpeleriň her bir gününiň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmegi üçin terbiýeçiler bilen bir hatarda, mugallymçylyk hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň ýüzlerçesi çuňňur aladalanýarlar. Dynç alyş merkezlerinde ir säherden başlanýan maşklar, keremli daglaryň gujagyna sary uzap gidýän Saglyk ýoluna guralýan ýörişler çagalaryň süňňüne aram, kalbyna hyjuw bagyşlaýar. Az salymdan bolsa, çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen şertlere laýyklykda, dürli gurnaklarda olara dürli ugurlardan tälim berlip başlanýar. Sport, aýdym-saz, tans, surat çekmek, küşt-şaşka oýunlary boýunça ýaryşmak, suwda ýüzmek, dag ösümliklerinden dürli şekilleri ýasamak, çeper döredijilik, kompýuter boýunça bäsleşikler, daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaly gurnaklar çagalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagynda, ukyplarynyň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Dag jülgelerine, gözel paýtagtymyzdaky Janly tebigatyň milli muzeýi ýaly ýerlere guralýan gezelençler bolsa, çagalarda iň ýakymly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Aý jemally agşamlarda dynç alyş merkezleri aýratyn gözel keşbe girýär. Gökdere bu pursatlarda ertekilerdäki ýaly hyýaly keşbe girse, uç-gyraksyz deňiz tolkunlarynyň sesi bilen parahat üwrelýän Awaza çaga arzuwlarynyň aýdymy bolup, uzaklara ýaýylyp gidýär.
Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde her hepdede dürli ugurlar boýunça bäsleşikleriň guralmagy bagtyýar körpelerde üstünlik gazanmaga bolan hyjuw döredýär.
Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdudyr”. Bagtyýar çagalar özleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredýän mähriban Arkadagymyza her ädimde çäksiz hoşallyklaryny beýan edýärler.
Diana SANÝANS,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy.