“Chevro­let”, “Cadil­lac” we “Opel” ýa­ly şe­re­ket­le­re eýe­çi­lik ed­ýän “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýar. Bü­tin dün­ýä­de kä­ren­de­si­ne be­ril­ýän ulag gör­nüş­le­ri­niň sa­ny­nyň art­ma­gy we oňa gy­zyk­lan­ma­nyň ýo­kar­lan­ma­gy uly yk­dy­sa­dy gir­de­ji ge­ti­rip baş­la­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy hem bu ba­zar­da yz­da gal­mak is­le­me­ýär. 2015-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Me­ri Bar­ra­nyň aýan eden tas­la­ma­sy öz ne­ti­je­le­ri­ni be­rip baş­la­dy. Iki gör­nüş­li we­lo­si­ped­ler­de in­ter­net bag­la­ny­şy­gy we smart­fo­ny sinh­ron ed­ýän ek­ran bo­lar. We­lo­si­ped­ler sat­mak üçin hem, kä­ren­de­si­ne ber­mek üçin hem amat­ly bo­lar. Welo­si­pe­diň ýyg­nal­ýan gör­nü­şi, bi­te­wi gör­nü­şin­den gym­ma­dy­rak bo­lar. En­tek ba­ha­sy mä­lim edil­me­dik ula­gyň ady­ny goý­mak üçin bäs­le­şik yg­lan edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry we­lo­si­pe­de de­giş­li tä­ze tek­lip­le­re hem ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny aýdýarlar.