Obasenagat toplumyny ösdürmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, önüm öndürmek üçin degişli ýeňillikleri, mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň oba hojalykçylary işleri ylmy esasda gurap, belent sepgitleri eýeleýärler.
Şeýlelikde, pagtaçylykda we däneçilikde bolşy ýaly, ýurdumyzyň gök ekerançylary hem ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Bu bolsa, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän azyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, bazarlarda gök önüm bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ulgamlaryna häzirki zaman tehnologiýalary hem-de iň soňky ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi bazarlarda azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň üpjün edilmeginiň möhüm şertini emele getirýär.
Häzirki döwürde içerki sarp edijileri gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýörite meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýylyň ähli paslynda gök we bakja önümleriniň bolçulygyny ýola goýmak hem-de ter önümleriň tutuş ilatymyz üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem gök ekinleriň ähli görnüşlerini ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek ugrunda döwlet derejesinde oňyn çözgütler kabul edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda gurlup, ulanmaga berlen köpugurly söwda bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Satyjylar we alyjylar üçin ähli zerur amatlyklary özünde jemleýän welaýatlaryň köpugurly söwda bazarlarynyň azyk harytlarynyň ähli görnüşleri bilen doly üpjün edilmegi, olaryň bahalarynyň durnukly häsiýetde bolmagy halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar.
Aýratyn-da, bazarlarda ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň öndüren önümleriniň örän köp görnüşlisi bolup, olaryň ýokary hili we terligi bellärlikli ýagdaýdyr. Welaýatlaryň köpugurly söwda bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygy halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bezeginiň baş şertini emele getirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gök ekerançylygy ösdürmäge gönükdirilen zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleriň müňlerçe gektaryna gök we bakja ekinlerini ekmek, ýyladyşhanalary gurmak üçin daýhan birleşiklerine, hojalyklara, kärendeçilere we telekeçilere ýer bölekleri bölünip berildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda gök önümleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, welaýatlaryň çäklerinde gaýtadan işleýän kärhanalar netijeli hereket edip başlady. Olaryň düzümine gaplanan gök we miwe önümlerini taýýarlaýan, şeýle hem alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürýän zawodlar girýär. Pomidor goýaltmasyny we bal öndürýän konserw kärhanalary gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýär. Bu bolsa, bazarlarda önüm bolçulygyny, bahalaryň durnuklylygyny üpjün edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary derejeli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan kärendeçilerdir ýer eýeleri gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, olaryň terligine ilat köpçüligine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarlar. Gök önümleriň ýokary hil derejesi, olaryň ekologiýa taýdan arassalygy önümleriň geçginli harytlara öwrülmegini şertlendirýär.
Bu bolsa, ýurdumyzda ynsan saglygy üçin ýaramly we ekologiýa taýdan arassa täze önümleriň bolçulygyny üpjün etmegiň ýolundaky möhüm ädimdir. Ýurdumyzyň telekeçileri täze önümçilik ulgamlaryny işe girizmek bilen ak bazarlarda önümleriň dürli görnüşleriniň doly möçberde üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Şäher we oba ilaty, ýurdumyzyň myhmanlary bazarlara baryp, dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini satyn alyp bilýärler. Söwda merkezlerinde, bazarlarda halkyň uly isleg bildirilýän gök hem-de bakja önümleriniň we beýleki azyk önümleriniň bolçulygy ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde, kärendeçilere, ýer eýelerine, telekeçilere, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleriniň berilmegi, önüm öndürijileriň netijeli zähmeti ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, önüm bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, kärendeçileriň ykdysady ýagdaýynyň ýokarlanmagynda hem ähmiýetlidir.
Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.