Düýn ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Long Biç şä­he­rin­de açy­lan ser­gi­de “Ural” motorynyň täze nusgasy tanyşdyryldy. Ýol he­re­ke­tin­de indi o di­ýen köp duş­maýan bu motoryň täze nusgasynyň ýe­ke-täk ta­pa­wu­dy ben­zin bi­len däl-de, tok bi­len iş­leýänligidir. Mo­to­ryň tä­ze gör­nü­şi ABŞ-nyň “Ze­ro Mo­torcycles” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­nyp­dyr. Daş­ky öl­çeg­le­ri ada­ty “Ural­lar­dan” o di­ýen ta­pa­wut­ly bol­ma­dyk mo­to­ryň kuw­wa­ty­nyň 60 at güý­jü­ne ba­ra­bardygy aý­dyl­ýar. Iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sagatda 140 km-e ýet­ýän ulag, bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 165 ki­lo­met­r ýol ge­çýär. Ulagyň gel­jek­ iki ýy­lyň do­wa­myn­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­jak­dy­gy aý­dylýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­tosiklleri öndürýän “Ze­ro Mo­torcycles” häzirki wagtda Russiýadaky Irbitiň motosikl zowody bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde tä­ze “Ura­ly” kä­mil­leş­dir­me­gi­ni we sy­nag sü­rüş­le­ri­ni dowam etdirýär.
Go­laý­da Ita­li­ýa­nyň Mi­lan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len dün­ýä­niň iň esa­sy mo­to­sikl ser­gi­sin­de (EICMA) hem adatdakylardan has tapawutly mo­to­sikl­ler gör­ke­zi­l­di. Halkara gözden geçirilişde bel­li “Har­ley-David­son” mo­to­ry­nyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi­niň ta­nyş­dy­ryl­ma­gy hem­mä­ni haý­ran gal­dyr­dy. Se­bä­bi bu ulag­lar özboluşly se­si we kuw­wat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň bol­sa, ýe­ter­lik de­re­jede kuw­wat­ly bol­jak­dy­gy­na şüb­he­li ga­ra­ýan­lar en­tek az däl.