Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Hy­un­dai Mo­tor Group” kom­pa­ni­ýa­sy Sin­ga­pu­ryň “Grab Hol­dings” şe­re­ke­ti bi­len elekt­rou­lag sat­mak bo­ýun­ça yla­la­şy­ga gol çek­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si tä­ze elekt­rou­lag­la­ryň 200 sa­ny­sy­ny bu fir­ma gow­şu­rar. 250 mil­li­on dol­lar­lyk yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de elektroulaglara zarýad berýän beketleriň gurulmagy, gel­jek ýyldan başlap in­no­wa­si­on ulag­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi üçin mag­lu­mat top­lamak we degişli ulgamy döretmek hem bar. Gü­nor­ta ko­reý şe­re­ke­ti elekt­rou­lag­la­ryň sanyny Wýet­nam we Tai­land ýa­ly beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ryn­da hem artdyrmak is­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da se­bit ýurt­la­ryn­da ýa­pon ön­dü­ri­ji­le­riň ulag­la­ry ag­dyk­lyk ed­ýär. “Hy­un­dai” kä­ren­de­si­ne be­ril­ýän elekt­rou­lag ba­za­ryn­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dy­ryp, gat­naw pu­da­gyn­da­ky or­nu­ny ber­kit­mek is­le­ýär. Mun­dan ozal “Hy­un­dai” Hin­dis­ta­nyň “Revv” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hem şeý­le şert­na­ma gol çe­ki­şip­di.
“Grab Hol­dings” şe­re­ke­ti bol­sa, hä­zi­re çen­li 2,7 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýu­my öz­leş­dir­di. Ulag­la­ry kä­ren­de­si­ne ber­ýän şe­re­ket­ler adat­ça, gib­rid ýa-da elekt­rik ener­gi­ýa­ly ulag­la­ry al­ýar­lar. Şe­re­ket gys­ga wagt­da zar­ýad al­ýan 200 elekt­rou­la­gy­ny 2019-njy ýy­lyň ba­şyn­da Sin­ga­pur­da müş­de­ri­le­re hö­dür­lär.