Hy­ta­ýyň iň uly bö­lek söw­da saý­ty “Ali­ba­ba” her ýy­lyň 11-nji aýy­nyň 11-ine ge­çi­ril­ýän söw­da fes­ti­wa­lyn­da köp muk­dar­da ha­ryt sa­typ, uly gir­de­ji ga­zan­dy. In­ter­net ar­ka­ly sa­tu­wyň baş­lan il­kin­ji 85 se­kun­dyn­da müş­de­ri­ler saýt­dan 1 mil­liard dol­lar­ly­k dür­li gör­nüş­li ha­ryt­la­ry sar­gyt et­di­ler. Ýur­duň bu söw­da saý­ty dün­ýä­de dür­li ýurt­lar­da iş alyp bar­ýar. 2009-njy ýyl­dan bä­ri bol­sa, her ýylyň 11-nji noýabrynda uly ar­zan­la­şyk kam­pa­ni­ýa­la­ry­ny gu­rap, has köp söw­da ed­ýär. Bu ge­zek­ki söw­da fes­ti­wa­lyn­da sa­ty­lan ha­ryt­la­ryň umu­my ba­ha­sy­nyň ABŞ-da ge­çi­ril­ýän “Black Fri­day” we “Ki­ber du­şen­be” ýa­ly ar­zan­la­şyk gün­ler­de ga­za­ny­lan gir­de­ji­le­riň je­min­den hem köp bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. “Ali­ba­ba” ge­çen ýyl fes­ti­wal gü­nü­niň do­wa­myn­da 25,3 mil­liard dol­lar­lyk sa­tu­wy ama­la aşy­ryp­dy. Bu ýyl­ky gör­ke­zi­ji on­dan 5 mil­liard dol­lar köp bo­lup, 30,7 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Iň köp sa­ty­lan ha­ryt­la­ryň ara­syn­da elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “Xiao­mi”, “App­le” we “Dy­son” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ha­ryt­la­ry­nyň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. “Ali­ba­ba” saý­ty ar­ka­ly 180 müň­den gow­rak hy­taý we hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ha­ryt­la­ry sa­tyl­dy.