Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bel­li aw­tou­lag brend­le­ri­niň il­ki ki­çeň­räk zat­lary ön­dü­ren­di­gi­ni bil­ýär­­misiňiz? My­sal üçin, il­kin­ji he­re­ket­len­di­ri­ji­ler şol wagt­ky we­lo­si­ped­le­re otur­dy­lyp­dyr. “Hon­da” kom­pa­ni­ýa­sy il­ki mo­to­sikl ön­dü­rip baş­la­ýar. “Sko­da” kom­pa­ni­ýa­sy baş­da we­lo­si­ped çy­ka­ran eken. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ra has köp üns gö­nük­di­ril­ýär. Da­ni­ýa­nyň “Bio­me­ga” at­ly we­lo­si­ped ön­dü­ri­ji şe­re­ke­ti özü­niň il­kin­ji elet­rou­la­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de nus­ga­lyk gör­nü­şi gör­ke­zi­len SIN aw­tou­lagy do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Onuň daş­ky şe­ki­li hem beý­le­ki­ler­den has ta­pa­wut­ly. As­lyn­da, fir­ma bu ba­bat­da hem beý­leki önüm ön­dü­ri­ji­ler­den ta­pa­wut­lan­mak is­le­ýär. Şä­he­riň için­dä­ki gat­na­wy ýe­ňil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nan SIN kros­so­wer kla­sy­na de­giş­li. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, ula­gyň ba­ha­sy­nyň müm­kin­ga­dar ar­zan bol­jak­dy­gy aýdylýar. Onuň ga­ba­ra­sy plast­mas­sa we al­ýu­min­den öndürilip, berk­li­gi we ýe­ňil­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Her ti­g­ri üçin aý­ra­tyn he­re­ket­len­di­ri­jisi bolan ula­gyň ag­ra­my 950 ki­log­ram bo­lar. Bu ýer­de elekt­rou­lag­lar üçin iň uly me­se­lä­niň ag­ram­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Elekt­rou­lag­la­ryň iň agyr bö­le­gi­ni ony he­re­ke­te ge­tir­ýän ba­ta­re­ýa­lar eme­le ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li ula­gyň ag­ra­my­nyň müm­kin bol­du­gy­ça ýe­ňil bol­ma­gy ga­za­ny­lyp­dyr. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 160 ki­lo­met­r ýol geç­ýän ula­gyň kuw­wa­ty­nyň 81 at güý­jü­ne ba­ra­bar bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Sa­gat­da­ky tiz­li­gi 130 km bol­jak ula­gyň 2021-2023-nji ýyl­lar­da önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nar. Beý­le­ki elekt­rou­lag­la­r­dan ep-es­li ar­zan bol­jak ulagyň 23 müň dol­lardan  satylmagyna ga­ra­şyl­ýar.