Sambo we sö­weş sam­bo gö­re­şi bo­ýun­ça 42-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty Ru­my­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­ha­rest­de ge­çi­ril­di. Bu çem­pio­na­ta 80 döw­let­den 750 tür­gen gat­naş­dy. Olar 9 ag­ram de­re­je­sin­de öza­ra bäs­leş­di­ler. Bu çem­pio­nat­da türk­men päl­wan­la­ry hem üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Now­ruz Ata­ýew (52 kg), Ke­rim­ber­di Döw­le­tow (62 kg), Ab­dyl­la Ba­ba­ýew (68 kg), Jaw­lan­bek Ma­da­mi­now (82 kg), Ça­ry­my­rat An­na­gur­ba­now (100 kg), Ba­ba­jan Iwa­dul­la­ýew (100+ kg) da­gy bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. Umu­my me­dal­la­ryň sa­na­wy bo­ýun­ça bu sport gör­nü­şiniň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Rus­si­ýa (15 al­tyn, 4 kü­müş, 5 bü­rünç) je­mi 24 me­dal bi­len 1-nji or­ny eýe­le­di. 4 al­tyn me­dal alan Gru­zi­ýa 2-nji (1 kü­müş, 3 bü­rünç), 2 al­tyn me­dal ga­za­nan be­la­rus­ly sam­bo­çy­lar (6 kü­müş, 5 bü­rünç) 3-nji ýe­re my­na­syp bol­dy.

Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän FED ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da bu ýyl Çe­hi­ýa­nyň to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar fi­nal­da ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny ABŞ-nyň ze­nan to­pa­ry bi­len güýç sy­na­nyş­dy. Çe­hi­ýa­nyň paý­tag­ty Pra­ga­da­ky “O2 Are­na­da” ge­çi­ri­len fi­nal oýun­la­ryn­da Çe­hi­ýa­nyň dü­zü­min­de Bar­bo­ra Stry­so­wa, Ka­te­ri­na Sin­ýa­ko­wa, Bar­bo­ra Kreý­çi­ko­wa, ABŞ-nyň dü­zü­min­de-de So­fi­ýa Ke­nin, Ali­san Risk, Ni­kol Me­li­çar, Da­ni­el Kol­linz da­gy çy­kyş et­di. Stry­so­wa Ke­ni­ni 6:7, 6:1, 6:4 ha­sap­lar bi­len utup, umu­my ha­sap­da çeh­le­ri öňe saý­la­dy. 2-nji du­şu­şyk hem ýew­ro­pa­ly­la­ryň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Ýag­ny Sin­ýa­ko­wa ame­ri­ka­ly Risk­den 2–0 üs­tün çyk­dy (6:3, 7:6). Sin­ýa­ko­wa bi­len Ke­ni­niň ara­syn­da­ky oýun­da hem çeh­ler ýe­ňiş ga­za­nyp, 2011-nji ýyl­dan bä­ri 5-nji, umu­my­lyk­da-da 11-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 1963-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Fe­de­ra­si­ýa ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy iň köp çem­pi­on bo­lan to­par­dyr (18).

Ka­ra­te bo­ýun­ça 24-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­de ge­çi­ril­di. Er­kek­dir ze­nan tür­gen­ler aý­ra­tyn­lyk­da, ka­ra­teniň ýe­ke­le­ýin ku­mi­te we ka­ta gör­nüş­le­ri­niň 6 ag­ram de­re­je­sin­de hem-de to­par­la­ýyn ka­ta we ku­mi­te gör­nüş­le­rin­de çy­kyş et­di­ler. Me­dal­la­ryň umu­my sa­na­wy bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa 4 al­tyn me­dal  bi­len 1-nji or­na my­na­syp bol­dy (4 kü­müş, 2 bü­rünç). 2 al­tyn me­dal alan eý­ran­ly­lar 2-nji, fran­suz ka­ra­te­çi­le­ri-de 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da ýe­ke­le­ýin we to­par­la­ýyn ka­ta gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­po­ni­ýa­ly Ryo Ki­ýu­na 2 al­tyn me­dal, ýe­ke­le­ýin we to­par­la­ýyn ku­mi­te gör­nü­şin­de-de eý­ran­ly Rah­man As­ka­ri 2 al­tyn me­dal ga­za­nyp, çem­pio­na­tyň ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­ri bol­dy. Bu ýa­ryş 1970-nji ýyl­dan bä­ri her iki ýyl­dan ge­çi­ril­ýär. In­di­ki çem­pio­na­ty 2020-nji ýylda BAE-niň Du­baý şä­he­ri gu­rar.

Gim­nas­ti­ka­nyň ba­tut­dan bök­mek gör­nü­şi bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 33-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hy­taý­ly tür­gen­ler öňe saý­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýe­ke­le­ýin hem-de ga­ry­şyk to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan Gao Lei Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky al­tyn me­dal­la­ry­nyň sa­ny­ny 6-a ýe­tir­di. Gyz­la­ryň ara­syn­da-da ak­ro­ba­tik maşk­lar gör­nü­şin­de Žia Fan­fan (5-nji çem­pi­on­ly­gy) Hy­ta­ýa al­tyn me­dal ga­zan­dy­ran beý­le­ki tür­gen bol­dy. Hy­taý­ly gim­nas­ti­ka­çy­lar 2 kü­müş, 1 bü­rünç me­dal hem ga­zan­dy. Ýer eýe­le­ri Rus­si­ýa­nyň gim­nas­ti­ka­çy­la­ry-da 2 al­tyn we 3 bü­rünç me­dal bi­len çem­pio­na­ty ta­mam­la­dy­lar. Ak­ro­ba­tik maşk­lar ýa­ry­şyn­da Wa­dim Afa­na­sew hem-de Mi­ha­il Za­lo­min dabl mi­ni-tramp gör­nü­şin­de-de Rus­si­ýa­nyň al­tyn me­dal ga­za­nan tür­gen­le­ri bol­dy. Çem­pio­nat in­di­ki ýyl To­kio­da ge­çi­ri­ler.

For­mu­la 1 For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 20-nji “Gran Pri­sin­de” çem­pi­on­ly­gy­ny 1 tap­gyr ozal yg­lan eden bri­ta­ni­ýa­ly Le­wis Ha­mil­ton (“Mercedes”) ýe­ňi­ji bol­dy. Ol Bra­zi­li­ýa­nyň Sao Pau­lo şä­he­rin­dä­ki “In­ter­la­gos”  tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şa 1-nji ha­tar­dan baş­lap, 71 aý­la­wy 1 sa­gat 27 mi­nut 09,066 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 10-njy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 72-nji ýeň­şi­dir. Ha­mil­ton­dan 1,4 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len “Red Bul­luň” gol­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen 2-nji, 4,7 se­kunt yza ga­lan Ki­mi Ra­ik­ko­nen (“Fer­ra­ri”) 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Sü­rü­ji­ler­den soň, to­par­la­ryň ara­syn­da-da çem­pi­on­lyk ga­za­nan bel­li bo­lup, “Mercedes” bas­syr 5-nji ge­zek ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Olar 20 ýa­ryş­da 620 utuk top­la­dy. 2-nji orun­da bar­ýan “Fer­ra­ri­niň” 553 utu­gy bar. F1-de möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy 25-nji no­ýabr­da Abu Da­bi­de ge­çi­ri­ler (BAE).

Bas­ket­bol Ame­ri­ka­nyň Mil­li Bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­syn­da (NBA) “Los An­je­les Leý­kers” öz meý­dan­ça­syn­da “Port­land Treýl Bleý­zers­den” 126–117 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, möw­süm­dä­ki 8-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da to­mus­da “Leý­ker­siň” dü­zü­mi­ne go­şu­lan su­per ýyl­dyz LeB­ron Jeýms to­pa­ry­na 44 utuk ga­zan­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, onuň NBA-da ge­çi­ren utuk­la­ry­nyň sa­ny 31425-e ýet­di we ol bu ugur­da ro­wa­ýa­ty Wilt Çem­ber­leýn­den öňe saý­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da 5-nji bas­gan­çak­da bar­ýan LeB­ron Jeýms möw­sü­miň ba­şyn­da Dirk No­witz­ki­ni-de yz­da gal­dy­ryp­dy. NBA-da iň köp utuk ga­za­nan bas­ket­bol­çy­la­ryň sa­na­wyn­da Ka­rim Ab­dul-Jab­bar 38387 utuk bi­len 1-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Karl Ma­lo­un 2-nji (36928 utuk), Ko­be Bra­ýant 3-nji (33643), Maýkl Jor­don 4-nji (32292) ha­tar­da bar­ýar. Di­ňe ada­ty möw­süm esa­syn­da dü­zül­ýän bu sa­naw­da LeB­ron Jeým­siň has öň­dä­ki orun­la­ra geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

BOKS Dün­ýä bel­li ame­ri­ka­ly boks­çy Floýd Meý­we­zer şu ýy­lyň iň soň­ky gü­nün­de ýa­po­ni­ýa­ly kik­boks­çy Ten­şin Na­su­ka­wa bi­len tut­lu­şar. Iki tür­ge­nem öz ugur­la­ryn­da hä­zi­re çen­li ge­çi­ren tut­lu­şyk­la­ryn­da 1 ge­zek hem ýeň­lip gör­me­di. 41 ýaş­ly Meý­we­zer 50 du­şu­şy­gy­nyň, 20 ýa­şyn­da­ky Na­su­ka­wa bol­sa, 27 tut­lu­şy­gy­nyň äh­li­sin­de-de gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bu tut­lu­şy­gy 31-nji de­kabr­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Sai­ta­ma şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Dün­ýä­niň iň köp pul ga­za­nan tür­gen­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Meý­we­zer mun­dan öň­ki tut­lu­şy­gy­ny-da boks­çy bol­ma­dyk, ba­şa-baş sö­we­şi­ji, ir­lan­di­ýa­ly Ko­nor Makg­re­gor bi­len ge­çi­rip­di we 10-njy raund­da gar­şy­da­şy­ny ýe­ňip­di. Şeý­le-de, öňü­miz­dä­ki ýy­lyň 2-nji ýa­ry­myn­da Meý­we­ze­riň fi­lip­pin­li boks­çy Man­ni Pa­ki­ýao bi­len hem gaý­ta­dan du­şu­şyk ge­çir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.