NA­SA-nyň in­že­ner­le­ri Mar­sa adam­sy­pat ro­bot ugratmagyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Mas­sa­çu­sets­den 3, Şot­lan­di­ýa­dan bir uni­wer­si­tet bi­len edi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de “Val­ky­rie” at­ly ro­bot ön­dü­ril­di. In­di şeý­le ro­bo­tyň Gy­zyl pla­ne­ta hem ibe­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ast­ro­nom­lar Mars­da ro­bot­lar­yň gu­r­jak şä­he­riniň il­kin­ji “ýa­şaý­jy­sy­nyň” bu ro­bot bol­jak­dy­gy­ny, ola­ryň adam­la­ryň bar­mak­la­ry üçin goň­şy pla­ne­ta­da şert dö­ret­jek­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Mas­sa­çu­sets­dä­ki Lo­well uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­sory Hol­li Ýan­ko, il­kin­ji no­bat­da, adam­lar üçin iş­le­mä­ge şer­tiň ýok ýe­rin­de bu ro­bot­la­ryň iş­le­dil­me­gi­niň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Onuň ba­şyn­da iki sa­ny ka­me­ra bar. Ony uzak­dan edil öz gö­züň bi­len gör­ýän ýa­ly ulan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ro­bot ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri hem saý­ga­ryp bil­ýär. Onuň elin­de, da­ba­nyn­da we beý­le­ki ýer­le­rin­de hem ka­me­ra­lar bar. Ýer­den ug­ra­dy­lan buý­ru­gyň Mar­sa bar­ma­gy wagt al­ýan­dy­gy se­bäp­li, ro­bot öz­baş­dak he­re­ket edip bi­ler ýa­ly taý­ýar­lan­dy.
De­mir­ga­zyk-gün­ba­tar uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Taş­kyn Pa­dyr ro­bo­ty taý­ýar­la­ma­gyň mak­sa­dy­nyň di­ňe Mars bi­len bag­ly däl­di­gi­ni, gel­jek­de has uza­ga hem gi­dil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Ol ro­bo­tyň kos­mo­nawt­lar bar­maz­dan ozal, ol ýer­dä­ki iş­le­ri et­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Marsd­a 2030-njy ýyl­­dan soň­ra häzirki wagtda kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bol­şy ýa­ly, he­mi­şe­lik be­ket­le­riň gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. “Val­ky­rie” hem on­dan has öň ol ýe­re ug­ra­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da dür­li ýurt­la­ryň Mar­sy öw­ren­mä­ge de­giş­li tas­la­ma­la­ry al­nyp ba­ryl­ýar.