LED çyra sözüni näçe eşiden hem bolsak, onuň nämedigini bilmeýän bolup bileris. Ol iňlis dilindäki “Light emitting diode” (Yşyk ýaýradýan diod) sözüniň gysga ýazylyşy. Bu adalga has irki wagtlarda dörän hem bolsa, 1990-njy ýyllardan soňra ýaýrap başlaýar. Onuň ilkinji nusgalary diňe gyzyl yşyk saçýan eken. Soňra bolsa, ak, gök, sary we ýaşyl şöhle saçýan LED çyralar peýda bolýar. LED adaty lampalaryň we olaryň tygşytlylary oýlanyp tapylanyndan soňra ýagtylandyryş ulgamyndaky iň soňky ösüş hasaplanýar. Bu çyralar has ýagtylandyrmak üçin has az energiýa sarp edýär. Ultramelewşe şöhle saçmaýanlygy üçin adam saglygyna-da hiç hili zyýan ýetirmeýär. Bu çyralar dürli ululykda we şekilde bolup bilýärler. Häzirki wagtda olar halk hojalygynyň ençeme ugurlarynda – mahabat, içerki we daşarky ýagtylandyryş, gurluşyk ýaly pudaklarda giňden peýdalanylýar. Soňky wagtlarda awtoulaglaryň çyralarynyň hem köpüsinde şeýle çyralar ulanylýar.
LED çyralar kiçijik we berk bolmagy bilen tapawutlanýar. Ultramelewşe hem-de sowuk şöhle ýaýratmaýandygy üçin adam saglygyna we daşky gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýär. Olaryň düzüminde simap ýok. Suwa çydamly bolýar. Onuň ýaýradýan şöhlesi tebigy yşyga meňzeş bolýar. Ony ilki gurnamak gymmat hem bolsa, netijeliligi we köp wagt ulanyp bolýandygy üçin uzak wagtda öz-özüni ödeýär.