Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň ösmegine, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmegine döwletimiz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen garalýar we bu ugurda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim-terbiýe berilmegi üçin, dünýä nusgalyk şertler döredilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulýan bilim edaralarynyň öz wagtynda gurlup, ulanylmaga berilmegini üpjün etmek üçin gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça ýerli häkimlikler bilen utgaşykly işleriň alnyp barylýandygy bilim ulgamynda döredilýän giň möçberli şertleriň nusgawy mysalydyr.
Biziň çagalarymyzyň başlangyç mekdepde okaýanlary üçin bilim-terbiýeçilik maksatly elektron okuw-usuly gollanmalar toplumlarynyň, daşary ýurt dili derslerini innowasion usullarda okatmak boýunça elektron okuw gollanmalarynyň, okuw kitaplarynyň, okuw sapaklaryna degişli audio-wideo ýazgylaryň taýýarlanylyp, ykjam disklerde bilim edaralaryna ýetirilmegi bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň öňünde geljekki ösüşlere tarap aýgytly ädimleri ätmek ugrundaky anyk maksatlaryň durmagy dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär.
Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron maglumat goruny döretmek we ony maglumatlar bilen üpjün etmek, tor programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak hem-de bu babatda okuwlary guramak, okuw mekdepleriniň täze maglumat tehnologiýalarynyň programma-tehniki binýatlarynda isleg bildirýänleriň özbaşdak bilim almaklary, mugallymlar bilen aragatnaşyk saklamaklary üçin, bilim portaly we elektron okuw ulgamy döretmek ýaly amala aşyrylan özgertmeler milli bilim ulgamymyz üçin täzelikdir. Ýeri gelende, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak, olary dolandyrmak boýunça mugallymlary we hünärmenleri taýýarlamak, olaryň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmakda zerur bolan hünär derejesini gazanmaklary, ýurdumyzyň dürli derejedäki okuw mekdepleriniň mugallymlary we hünärmenleri üçin okuwlary guramak ýaly döwrebap çemeleşmeleriň bardygy-da bellenilmelidir. Häzirki wagtda döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda elektron dolandyryş ulgamy üçin resminamalar toplumy hem işlenilip düzüldi.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara çärelerine işjeň gatnaşýandygyny-da görmek bolýar. Mysal üçin, ýokary okuw mekdepleriniň Meýletinçiler merkezleri tarapyndan ýurdumyzda ýokary derejede geçirilen “Amul-Hazar-2018” halkara awtorallisine we Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşan meýletinçileriň dürli ugurlar – ulag, sport, köpçülikleýin çäre hyzmatlaryny dolandyryş, lukmançylyk, media, myhmanlary garşy almak we ugratmak we ş. m. ugurlar boýunça hyzmatlara gatnaşmaklary hem bellärliklidir. Ýokary okuw mekdepleriniň Meýletinçiler merkezlerinde meýletinçiler bilen daşary ýurt dilleri, meýletinçilik medeniýeti, hyzmat etjek ugurlary boýunça öňünden guralan okuwlar oňyn netijeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada elmydama yzygiderli alada edýär we jemgyýetimizde özgertmeleriň bilim ulgamy bilen berk arabaglanyşykly bolmalydygyny, bilim ulgamynyň döwür bilen deň gadam urup, häzirki zamanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny özünde jemlemek bilen, ýaş hünärmenleriň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözmelidigini, ösüp gelýän nesillere bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze ölçeglerini, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmelidigini nygtap belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, biz bilim işgärleri hökmünde jemgyýetimizdäki düýpli özgertmeleriň bilim ulgamy bilen berk arabaglanyşykly bolmagyny, häzirki zamanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bilen, ýaş hünärmenleriň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyny, ösüp gelýän nesillere bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze ölçegleri esasynda kämilleşdirilmegini üpjün etmek, ýaş nesliň saglygy, bilimi, milli ruhly terbiýesi boýunça sazlaşykly işleri yzygiderli alyp barmalydyrys, çünki bilim ulgamyndaky häzirki zaman özgertmeleri geljekki täze ösüşleriň berk binýadydyr.
Şeker Arazberdiýewa,
Daşogzuň Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.