Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti we onuň ag­zy­bir hal­ky Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da ýe­ňiş­li ösüş­le­re bar­ýar. Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­nün­de tä­ze öz­gert­me­ler we öz­ge­riş­ler öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ila­tyň aba­dan durmu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry hökmün­de kes­git­len­di. Mil­li Li­de­ri­miz hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň – dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­dy­gy­ny bel­le­ýär. Türk­men hal­ky­nyň aba­dan, asu­da we bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin döw­let ta­ra­pyn­dan uly ala­da­lar edil­ýär.
Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem, ýur­du­myz­da tä­ze des­ga­laryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, döw­re­bap Sag­lyk öý­le­ri­niň, has­sa­ha­na­la­ryň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň yzy­gi­der­li ulan­ma­ga be­ril­ýän bi­na­la­rynyň sa­ny bar­ha art­ýar.
Hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­ny tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ran en­çe­me şan­ly wa­ka­la­ryň şa­ýa­dy bol­ma­gy­myz, ýagny il bäh­bit­li, dur­muş äh­mi­ýet­li des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny has-da ýo­ka­rlandyrjak mö­hüm dur­muş mak­sat­ly tä­ze bi­na­la­ryň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy, ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­ny düýp­gö­ter öz­gerd­ýän mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lynyň her bir gü­nü­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy hem-de iş­le­me­gi üçin köp san­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da tä­ze döw­re­bap oba­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ni my­sal ge­tir­mek bo­lar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da tä­ze nus­ga­lyk oba­la­ryň en­çe­me­si peý­da bol­dy. Olar­da dur­muş dü­zü­mi­niň ýo­ka­ry ül­ňü­le­ri dö­re­dil­di we ýa­şaý­jy­la­ryň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­mak­la­ry üçin ze­rur şert­ler bilen üp­jün edil­di hem-de ýa­na­şyk ýer­leri aba­dan­laş­dy­ryl­dy. Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky Bag­ty­ýar za­man, Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky Ber­ka­rar za­man, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky Döw­let­li za­man, şeý­le hem Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky Be­re­ket­li za­man oba­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Ka­ka et­ra­by­nyň “Gow­şut” hem-de Ak bug­daý et­ra­by­nyň “Öňal­dy” ge­ňeş­lik­le­ri­niň çäk­le­rin­de döw­re­bap oba­la­ryň bin­ýa­dy tu­tul­dy. Bu et­rap­lar­da tä­ze oba­ny gur­mak üçin 108 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di. Her oba­da öý­le­riň 400-si­ni gu­rup, oba­la­ryň her­sin­de 2 müň ada­myň ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sat edi­nil­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, Gök­de­pe et­ra­by­nyň “Kö­pet­dag” we “Owa­dan­de­pe” ge­ňeş­lik­le­ri­niň çä­gin­de hä­zir­ki ­za­man oba­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na ba­dal­ga be­ril­di.
Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da­ky Gurt­ly ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da hä­zir­ki za­man bi­na­lar top­lu­my­nyň düý­bi tu­tul­dy. Bu tas­la­ma­da 3064 maş­ga­la üçin ni­ýet­le­nen 62 sa­ny dört gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, 320 orun­lyk umu­mybi­lim ber­ýän or­ta mek­de­bi, 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­ny hem-de döw­re­bap söw­da-dynç alyş mer­ke­zi­ni gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ni gur­ma­gyň kon­sep­si­ýa­sy­nyň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Şol tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de-de oba adamlary­nyň äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ka­şaň bi­na­lar­da ýa­şa­ma­gy üçin tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­rynyň uly top­lu­myny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Go­laý­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da 200 orun­lyk Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şil­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň tä­ze eda­ra­sy döw­re­bap ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­lar, äti­ýaç­lyk şaý­la­ry we sarp edil­ýän se­riş­de­ler bi­len üp­jün edi­ler.
Ine, şeý­le dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de yzy­gi­der­li gu­rul­ma­gy, “Il­kin­ji no­bat­da me­niň äh­li ala­dam hal­kym bo­lar” di­ýen mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly hem-de öň­den­gö­rü­ji­lik­li dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­gy­dyr. Hal­ky­my­zyň aba­dan, asu­da hem-de bo­le­lin dur­muşda ýa­şa­ma­gy üçin ir­gin­siz ala­da ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň äh­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!

Tawus GOÇMYRADOWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU­-nyň mu­gal­ly­my.