“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň few­ra­lyn­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len MWC ser­gi­sin­de “Ga­laxy S7” we “Ga­laxy S7 Ed­ge” en­jam­la­ry­ny köp­çü­li­ge gör­ke­zip­di. Go­laý­da kom­pa­ni­ýa bu en­ja­myň has berk nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. “Ga­laxy S7 Active” at­ly en­jam ABŞ-nyň AT&T ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy­nyň müş­de­ri­le­ri­ne ber­ler. Bu te­le­fon berk­li­gi ba­bat­da has ta­pa­wut­la­nyp, “MIL-STD 810G” sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geç­di. Te­le­fon iň ýo­ka­ry be­lent­lik­den be­to­nyň üs­tü­ne gaç­sa-da döwülmeýär. Şeý­le hem suw we to­zan ge­çir­me­ýär. Mundan başga-da için­dä­ki iş we şah­sy mag­lu­mat­la­ryň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny go­ra­ýan “Knox” howp­suz­lyk buk­ja­sy bi­len üp­jün edi­lip­dir. Onuň ba­ta­re­ýa­sy “Ga­laxy S7”-iň­kä ga­ra­nyň­da, 14 gö­te­rim has uza­ga gid­ýär. 5,1 dýuým “Quad HD” du­ru­ly­gyn­da, “Go­ril­la Glass 4” go­rag­ly “Su­per AMO­LED” ek­ra­ny, “Snapd­ra­gon 820” mik­rop­ro­ses­so­ry, 4 GB RAM-y, 32 GB gi­ňel­dip bol­ýan iç­ki ýa­dy, 12 MP go­şa ka­me­ra­sy, 5MP öň­ki ka­me­ra­sy, 4G LTE, NFC, ge­çi­ri­ji­siz zar­ýad we bar­mak yzy okaý­jy ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Te­le­fon “And­ro­id Marsh­mal­low” ama­ly ul­ga­myn­da iş­le­ýär. Enjam aýyň 10-una AT&T-niň ula­ny­jy­la­ry­na hö­dür­le­nip baş­la­dy.