Gy­zyk­ly baş­dan­ge­çir­me­le­ri bi­len kör­pe to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän Mik­ki sy­çan­jyk 90 “ýa­şa­dy”. Bel­li mul­tip­li­ka­tor Wolt Dis­ne­ýiň dö­re­den gah­ry­ma­ny­nyň “dog­lan gü­ni” my­na­sy­bet­li dün­ýä­niň dür­li ýer­in­de bir­nä­çe çä­re­ler gu­ral­dy.
1923-nji ýyl­da “Dis­ney Brot­hers Car­to­on Stu­dio” ady bi­len dö­re­di­len kom­pa­ni­ýa il­ki gys­ga met­raž­ly mult­film­le­ri taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da “Walt Dis­ney Ani­ma­ti­on Stu­di­os” ady bi­len iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa dün­ýä­niň iň iri me­dia şe­re­ke­ti­dir. Mik­ki sy­çan­kly il­kin­ji mult­fil­m Nýu-Ýork­da­ky “Colo­ny” ki­no­te­at­ryn­da 1928-nji ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da “Steam­bo­at Wil­lie” (“Gä­mi­çi Wil­li”) ady bi­len to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. Gys­ga met­raž­ly ak-ga­ra mult­fil­miň baş gah­ry­ma­ny şon­dan bä­ri bir­nä­çe dost tu­tun­dy. Il­kin­ji ses­li mult­film­le­riň bi­ri bo­lan ek­ran ese­ri­niň şol ýy­lyň ahy­ryn­da çy­kan bö­lü­min­de onuň ýa­nyn­da Min­ni at­ly jo­ra­sy peý­da bol­ýar. Baş gah­ry­ma­na ony dö­re­den Wolt Dis­ne­ýiň özi 1966-njy ýy­la çen­li ses ber­ýär. Gys­ga wagt­da ça­ga­la­ryň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan Mik­ki sy­çan­jyk “The Walt Dis­ney Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Uly sa­ry aýak­ga­by, ak el­li­gi bi­len ol dün­ýä­de iň bel­li mult­film gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Şol ýyl­lar “The Band Concert” (1935), “Brave Litt­le Tai­lor” (1938) we “Fan­ta­sia” (1940) ýa­ly 130-dan gow­rak gys­ga we uzyn met­raž­ly mult­film to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. Ani­ma­si­ýa­sy dö­re­di­len hem bol­sa, 1930-njy ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Mik­ki ko­miks gah­ry­ma­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Onuň ko­miks­le­ri ga­zet-žur­nal­lar­da 45 ýyl­lap yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Şeý­le hem bir­nä­çe ki­tap­la­ry çap­dan çyk­ýar. 1950-nji ýyl­da “The Mickey Mou­se Club” (“Mik­ki­ sy­çan­jy­gyň Klu­by”) at­ly mult­film se­ri­ýa­ly çy­kyp baş­la­ýar. Bu te­le­se­ri­al­da Plu­to we Gu­fi at­ly gü­jük, Do­nald at­ly ör­dek, Pit at­ly aýy­jyk we beý­le­ki gah­ry­man­lar peý­da bol­ýar. 1978-nji ýyl­da Mik­ki Gol­li­wu­dyň meş­hur al­le­ýa­syn­da­ky “ýyl­dyz­la­ryň” ha­ta­ry­na il­kin­ji mult­film gah­ry­ma­ny hök­mün­de ady­ny ýaz­dyr­ýar. Film hä­zi­re çen­li 9 ge­zek Os­kar baý­ra­gy­na my­na­syp gö­rül­di.
“Walt Dis­ney” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Ana­haým, Flo­ri­da, Pa­riž, To­kio, Şan­haý ýa­ly iri şä­her­ler­de “Dis­ney­land” se­ýil­gäh­le­ri he­re­ket ed­ýär. Bu se­ýil­gäh­ler er­te­ki­ler dün­ýä­si­ne mah­sus bi­na­lar bi­len be­ze­lip, olar­da esa­san, bu kom­pa­ni­ýa­nyň mult­film gah­ry­man­la­ry­nyň heý­kel­le­ri ýer­leş­di­ri­len­dir.