Ýe­re go­laý we amat­ly te­bi­gy şert­le­ri­niň bol­ma­gy ast­ro­nom­la­ry Mar­sy öw­ren­mä­ge hö­wes­len­dir­ýär. Şol se­bäp­li Gy­zyl pla­ne­ta bir­nä­çe uçuş ama­la aşy­ryl­dy. NA­SA-nyň mun­dan 6 aý ozal ug­ra­dan “In­Sight” at­ly kos­mos gä­mi­si 480 mil­li­on ki­lo­metr­lik ýol ge­çip, Mar­syň go­la­ýy­na bar­dy. Ag­zal­ýan en­jam 2012-nji ýyl­da uçu­ry­lan al­ty ti­gir­li “Curio­si­ty” ro­bo­tyn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, ol ýe­riň top­ra­gy­ny has çuň­ňur öw­ren­mä­ge ýar­dam eder. De­giş­li ab­zal­lar bi­len üp­jün edi­len “In­Sight” ýe­riň 5 metr aşa­gy­na gi­rer. Ol seýs­mo­metr­ler ar­ka­ly bu pla­ne­ta­da bo­lup geç­ýän ýer tit­re­me­ler ba­ra­da mag­lu­mat top­lar. Şeý­le hem planetanyň mil­liard­lar­ça ýyl ozal nä­dip eme­le ge­len­di­gi­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam eder. Al­ty ti­gir­li “Curio­si­ty” bol­sa, ýa­şaý­şyň ala­mat­la­ry­ny göz­le­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nyp­dy.
800 kilogramlyk en­ja­myň il­ki Mar­sa sag-aman gon­ma­gy ze­rur. Ozal uçurylan “Spi­rit” we “Op­por­tu­ni­ty” en­jam­lar­ynda­ky ýa­ly, aňsatlyk bilen gonmagyna mümkinçilik berýän top­la­ry bol­ma­dyk gä­mi gö­nü­den-gö­ni aýak­la­ry bi­len go­nar. “In­Sight”-yň tas­la­ma ýol­baş­çy­sy Tom Hoff­man mu­nuň örän çyl­şy­rym­ly iş­di­gi­ni bel­le­ýär. En­ja­myň gon­ma­gy üçin teh­ni­ki taý­dan her­nä­çe taý­ýar­lyk gör­len hem bol­sa, Mars­da­ky güýç­li ýel we to­zan bu ýag­da­ýy kyn­laş­dyr­ýar. Hü­när­men­ler apy-tupanyň Gün­den ener­gi­ýa al­ma­ga ni­ýet­le­nen pa­ne­li­ne ze­per ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.