“Au­ro­ra Flight Sciences” şe­re­ke­ti 10 ýyl­dan bä­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan, ene­rgi­ýa­sy­ny Gün­den al­ýan, do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän ho­wa ula­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. “Odys­se­us” at­ly uçar bir­nä­çe aý­lap uçup bil­ýär. Il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny in­di­ki ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ama­la aşyr­jak ho­wa gä­mi­si “Ýo­ka­ry be­lent­lik­dä­ki platforma bekedi” (HAPS/High-altitude platform station) ha­sap­lan­ýar. HAPS-lar ada­ty uçar­man­syz ho­wa gä­mi­le­ri bi­len eme­li hem­ra­la­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­ýar. Gün şöh­le­si bi­len iş­le­ýän uçar­lar 20 km be­lent­lik­de uçup, ola­ra bu­lu­dyň, ýe­liň we ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň tä­si­ri ýetmeýär. “Au­ro­ra Flight Sciences” HAPS ön­dür­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­ny 2008-nji ýyl­da mä­lim edip­di.
Ho­wa gä­mi­si­niň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da en­tek gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­me­di. Em­ma şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­la­ry “Odys­se­us”-yň beý­le­ki HAPS-lar­dan has uzyndygyny, ýük gö­te­ri­ji­li­giniň ýo­karydygyny we bir ýyl­lap yzy­gi­der­li uçup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Ol ýe­ňil ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­lip­dir. Ga­nat­la­ry­nyň ýo­ka­r­sy Gün­den ener­gi­ýa al­mak üçin pa­nel­ler bi­len ör­tü­len uça­ryň gi­je­si­ne uç­mak üçin to­gy sak­la­ýan ba­ta­re­ýa­sy hem bar. HAPS-lar, adat­ça, ho­wa­nyň häzirki ýag­da­ýy­ny anyk­la­mak, gel­jek­de nä­hi­li bol­jak­dy­gy ba­ra­da çak­la­ma­lar taý­ýar­la­mak we beý­le­ki mak­sat­lar üçin ula­nyl­ýar.