Ir­den bir kä­se ko­fe iç­me­gi ha­la­ýan­lar üçin üýt­ge­şik sa­gat iş­lenip taý­ýar­lan­dy. Bu en­jam ir­den si­ziň ýa­kym­ly ko­fä­niň ysy­na oýan­ma­gy­ňy­za ýar­dam eder. “Ba­ri­sieur” at­ly en­ja­ma çaý ýa-da ko­fe dem­le­ýän diý­se­ňem bo­lar, sa­gat diý­se­ňem ýal­ňyş bol­maz. Onuň suw gu­ýul­ýan ga­by, çaý we ko­fe sa­lyn­ýan bö­lüm­le­ri bar. Ýat­maz­dan ozal, nä­çe­de tu­ra­sy­ňyz gel­se, sa­ga­dy dü­züp ýat­ma­ly. En­jam si­ziň bel­län wag­ty­ňyz­da ça­ýy­ňy­zy ýa-da ko­fe­ňi­zi taý­ýar edip, tu­ruz­ýar. Onuň gy­gyr­ýan wag­ty­ny ko­fe dem­le­me­li wag­tyn­dan aý­ra­tyn­lyk­da hem dü­züp bol­ýar. Ýag­ny tu­ra­ny­ňyz­dan 10 mi­nut soň­ra ko­fe dem­le­me­li bol­sa, ony şol wagta taý­ýar ed­ýär. Pos­la­ma­ýan po­lat­dan ýa­sa­lan en­jam ko­fä­ni ýa-da ça­ýy aras­sa suw­dan taý­ýar­la­ýar. Ýag­ny ol gaýnan su­wuň bu­gu­ny ýö­ri­te tur­ba­jyk­dan ge­çi­rip, gaý­ta­dan su­wa öw­rüp, şon­dan çaý dem­le­ýär. Şeý­le hem en­jam­da şe­ker we süýt üçin hem aý­ra­tyn bö­lüm­ler bar. Bu enjamy öndürmek üçin ula­ny­jy­la­ryň ýar­dam ber­me­gi bi­len tä­ze önüm­le­ri taý­ýar­laýan “Kickstar­ter” ar­ka­ly pul ýyg­na­lyp baş­la­nyp­dyr. Gel­jek ýyl ula­ny­jy­la­ra hö­dür­len­jek en­jam üçin 200 funt ster­ling tö­le­me­li bo­lar.