Ýapon kompaniýalary sürüjisiz ulaglar we täze tehnologiýalar bilen bagly maýa goýumlaryny artdyrýarlar. “Toyota” Ýer ýüzünde ulaglaryň ählisiniň umumy toruny döretmegi maksat edinýär. Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýasy geçen ýyl “emeli aň” tehnologiýasyny döretmek üçin Silikon jülgesinde 1 million dollar maýa goýum goýdy. Häzirki wagtda “Nikkei” atly iki sany robot tehnologiýasyny öndürýän şereketi satyn almak üçin gepleşikler geçirýär. Golaýda bolsa, “Uber” kompaniýasy bilen täze nesil tehnologiýasy bolan ulaglaryň içindäki programmalary işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyga gol çekipdi.
“Honda” bolsa, Tokioda täze laboratoriýa döretdi. Kaliforniýada hem şeýle merkez açdy. Bu ylmy merkezlerde ulaglaryň özara gatnaşygyny we özbaşdak hereketlerini ýola goýmak barada iş alnyp barylýar. Awtoulag senagaty bilen baglanyşygy bolmadyk kompaniýalaryň bu senagata degişli tehnologiýalary işläp düzmekleri awtoulag kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýa üns bermeklerine itergi berdi.