Elektroulaglaryň ulanylyşynda dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Norwegiýada benzin bilen işleýän awtomobilleriň peýdalanylyşynyň aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Ýurduň syýasy partiýalary bu düzgüni 2025-nji ýylda güýje girizmegiň aladasyny edýärler. Bu barada degişli kanun taslamasy taýýarlanýar. Ýurt Ýewropanyň iň uly nebit we gaz eksportçularynyň biridir. Ýurduň ykdysadyýetiniň 39 göterimini bu pudakdan gelýän girdejiler emele getirýär. Muňa garamazdan, ýurtda elektroulaglaryň sany örän köp. Sebäbi şeýle ulaglary alan sürüjilere dürli ýeňillikler döredilýär. Ýurtda hereket edýän awtoulaglaryň dörtden biri elektrik energiýasy bilen işleýär. Norwegiýa dünýä belli elektromobil öndürijisi “Tesla”-nyň iň köp ulag satýan ýurdy. Gollandiýada hem şeýle düzgüniň ýola goýulmagy maksat edinilýär. 2039-njy ýyldan başlap, Hindistanda nebit önümleri bilen işleýän awtoulaglaryň önümçiligi ýatyrylar.