Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary hem-de halkara başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň derejede ösdürilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistan özüniň amatly geografik ýerleşişi boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň netijesinde döwrebap ulag infrastrukturasy döredildi.
Gazagystan – Türkmenistan – Eýran, Kerki – Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) demir ýollary ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant boldy. Geçen ýylyň martynda Amyderýanyň üstünden çekilen demir ýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berildi. Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän başga-da birnäçe köprüleriň ulanmaga berilmeginiň şaýady bolduk.
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty işe girizildi. Ol deňizde daşalýan ýükleriň we gatnadylýan ýolagçylaryň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Garabogaz şäherinde deňiz duralgasy guruldy. Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda halkara gatnawlaryny kabul etmäge ukyply täze howa menzilleri peýda boldy.
Ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine milli Liderimiziň bu ugurdaky halkara başlangyçlary uly goşant goşýar. Bu başlangyçlaryň netijesinde, 2016-njy ýylyň dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Onuň yzysüre 2015-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi.
Ýurdumyzyň ulag ulgamynda alyp barýan işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegine şu ýylyň 28-nji noýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara ulag maslahaty hem uly goşant goşdy. Bu halkara foruma dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ulag kompaniýalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde döwletara hyzmatdaşlygyň orny”, “Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistika kompaniýalarynyň ähmiýeti”, “Infrastruktura we ulag mümkinçilikleri”, “Multimodal daşamalar hem-de onuň dolandyrylmagy” ýaly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar boldy.
Ählumumy möçberdäki ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýurdumyz gündogar bilen günbatary, demirgazyk bilen günortany birleşdirýän ulag geçelgeleriniň kämil ulgamyny döretmek üçin uly tagalla edýär. Bu ugurdaky iri taslamalaryň hatarynda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ýaly ulag geçelgeleriniň döredilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Belent maksatly menzillere hem-de rowaçlyklara alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.