Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, şu ýy­lyň köp bö­le­gin­de Hy­taý te­bi­gy ga­zy, şol san­da, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy im­port et­me­giň möç­beri bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­me­gi ba­şar­dy. Bu ba­ra­da mag­lu­mat agent­li­gi “S&P Glo­bal Platts”-yň bi­ler­men­le­ri 2018-nji ýyl­da HHR-iň ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek te­bi­gy ga­zyň im­por­ty bo­ýun­ça Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Agent­lik­de şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da Hy­taý gaz im­port et­mek­de Ýa­po­ni­ýa­dan ozup ge­çen­di­gi­ni bel­läp geç­ýär­ler. Şon­da Ýa­po­ni­ýa­nyň 6,087 mil­li­on ton­na gaz im­por­ty bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, HHR-iň gaz im­por­ty 6,818 mil­li­on ton­na deň bol­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, HHR-iň ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da tur­ba ge­çi­ri­ji ar­ka­ly te­bi­gy ga­zy­ň şeý­le hem, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň im­por­ty 72, 06 mil­li­on ton­na ýe­tip, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 33,1 gö­te­ri­m köp­dür. Mu­nuň özi 2017-nji ýy­lyň 68,57 mil­li­on ton­na deň bo­lan je­mi gaz im­por­tu­nyň möç­be­rin­den hem ýo­ka­ry­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ýa­po­ni­ýa ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da 67,36 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy im­port et­di.
“S&P Glo­bal Platts”-yň Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça sel­je­riş bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Jeff Mu­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Hy­taý ýy­lyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, te­bi­gy gaz im­port edi­ji ýurt hök­mün­de Ýa­po­ni­ýa­dan öňe ge­çer. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 2018-2019-njy ýyl­la­ryň gyş döw­rün­de Hy­ta­ýyň su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz im­por­ty ge­çen ýy­lyň gy­şy­nyň gör­ke­zi­ji­le­rin­den ar­typ, 5,9 mil­liard kubmet­re ba­ra­bar bo­lar di­ýlip, çak­la­nyl­ýar.
Bi­ler­men­ler ýa­pon ta­ra­py­nyň su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy im­port et­me­gi­niň möç­ber­le­ri­ni azalt­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri­ni soň­ky ýyl­lar­da işi ýa­ty­ry­lan elekt­rik blok­la­ry­nyň gaý­ta­dan işe gi­ri­zil­me­gi bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Hy­taý ta­ra­py­nyň te­bi­gy gaz im­por­tu­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­gy, hy­taý yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ener­gi­ýa sarp edi­ji­li­gi­niň art­ma­gy­nyň we ýur­duň ener­gi­ýa ba­lan­syn­da köm­rüň pa­ýy­nyň azal­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de do­wam ed­ýär.
“S&P Glo­bal Platts”-yň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, Hy­ta­ýyň gaz im­por­ty ýa­kyn ýyl­lar­da öz ösü­şi­ni do­wam et­di­rer. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, “Si­bi­riň güý­ji” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň hem-de su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz ter­mi­nal­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­en­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, hy­taý yk­dy­sa­dy­ýe­ti im­port edil­ýän ga­za mä­täç­lik çe­ker. Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi­niň çak­la­ma­sy­na gö­rä, Hy­ta­ýyň 2017-2023-nji ýyl­lar­da te­bi­gy ga­za bo­lan is­le­gi 60 gö­te­rim ar­tar.