ABŞ-nyň “Na­tio­nal Bo­ok Awards 2018” – Mil­li ki­tap baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy res­mi taý­dan mä­lim edi­lip, oňa çe­per, yl­my, ýaş­lar ede­bi­ýa­ty, şyg­ry­ýet hem-de ter­ji­me eser­le­ri ýa­ly bäş ugur bo­ýun­ça je­mi 25 dalaşgär bellige alyndy. Her ugur bo­ýun­ça bäş fi­nal­çy gör­nük­li ede­bi­ýat bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan saý­la­nyp alyn­dy. Şu ýyl ne­şir­ýat­çy­lar ta­ra­pyn­dan 1637 ki­tap hö­dür­le­nip, ola­ryň 368-si çe­per ede­bi­ýat, 546-sy yl­my ede­bi­ýat, 256-sy şyg­ry­ýet, 142-si ter­ji­me edi­len eser­ler we 325-si ýaş­lar ede­bi­ýa­ty­na de­giş­li­dir. Çe­per ede­bi­ýa­tyň gys­ga sa­na­wyn­da 5 fi­nal­çy bar.
Jeý­mel Brink­li – “Bagt­ly adam”, Lo­ren Groff – “Flo­ri­da”, Bren­don Hob­son – “Ni­re­de ölü­ler gür­läp otur­ýar?”, Re­bek­ki Ma­kaý – “Be­ýik ynam”, Sig­rid Nu­nez – “Dost” .
Ýe­ňi­ji­ler Nýu-Ýork­da Mil­li ki­tap baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­ly­şy­nyň 69-njy da­ba­ra­syn­da mä­lim edil­di. Da­ba­ra­da Isa­bel Alen­de ame­ri­kan ede­bi­ýa­tyn­a gym­mat­ly go­şan­dy üçin Mil­li ki­tap gaz­na­sy­nyň me­da­ly­na, ýa­zy­jy Do­ron We­ber bol­sa, ame­ri­kan ede­bi jem­gy­ýe­ti­ne gym­mat­ly go­şan­dy üçin Gaz­na­nyň ede­bi baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.