“Literaturnaýa gazeta” Russiýanyň hepdelik jemgyýetçilik-syýasy neşiridir. Gazet rus ýazyjysy Maksim Gorkiniň başlangyjy bilen, 1929-njy ýylyň 22-nji aprelinde neşir edilip başlanýar. 1942-nji ýylyň ýanwaryndan “Sowetskoýe iskusstwo” gazeti bilen birleşdirilmegi netijesinde, “Literatura i iskusstwo” ady bilen çykyp başlaýar. 1944-nji ýylyň noýabrynda bolsa, ozalky ady gaýtarylyp berilýär. Ol 1947-nji ýyldan başlap, edebi we jemgyýetçilik-syýasy gazete öwrülýär. Neşiriň döwürleýinligi we möçberi üýtgedilýär.
1967-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gazet 16 sahypa bolup, hepde-de bir gezek çykyp başlaýar. Gazet edebiýat, sungat, syýasat, jemgyýet, ahlak, hukuk, ylym, durmuş we başga-da gyzykly mowzuklary öz içine alýar. Onuň sahypalarynda ozalky Soýuzyň iň belli ýazyjylary we köp sanly daşary ýurtly ýazyjylar çykyş edýär.
1970-nji ýylda gazetiň redaksiýasy “Altyn göle” atly ýyllyk baýragy esaslandyryp, ony “12 oturgyç” rubrikasynyň astynda iň gowy gülküli eserleri ýazanlara gowşurýar. “Literaturnaýa gazeta” 1990-njy ýylda garaşsyz neşir bolýar. Gazetiň logotipinden M. Gorkiniň profili aýrylýar we gazet XIX asyryň “Edebiýat gazetine” deňelip, onuň esaslandyrylan wagty 1830-njy ýyl diýlip, hasaplanyp başlanýar.
Gazetiň logotipinde 1990-njy ýyla çenli Puşkiniň we Gorkiniň profili bardy, 1990-njy ýyldan soň diňe Puşkiniňki galdyrylýar, ýöne 2004-nji ýylda, Maksim Gorkiniň profili hem gaýtadan goýulýar. Gazet 2012-nji ýylda “Watana we söze wepadarlyk” atly her ýylda berilýän milli rus baýragyny esaslandyrýar. Bu baýrak XIX asyrda gazeti ilkinji esaslandyran Anton Delwigiň hormatyna döredilip, “Altyn Delwig” diýlip hem atlandyrylýar.