Kä­wagt ýo­ka­ry se­re­de­ni­miz­de al-as­man­da yzyn­da bu­lut­dan ýol ýa­sap bar­ýan uçar­la­ra gö­zü­miz düş­ýär. Eý­sem, ol nä­dip peý­da bol­ýar­ka?! Eger uça­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji­sin­den çyk­ýan tüs­se bu­lut dö­red­ýän bol­sa, on­da nä­me üçin hem­me uçar­dan tüs­se çyk­ma­ýar­ka?!
Ilki buludyň nädip emele gelýändigini öwreneliň! Bu­lu­dyň dö­re­me­gi üçin ho­wa­nyň Ýer ýü­zün­den bu­gar­ýan su­wy özü­ne siň­di­rip bil­me­jek de­re­je­de sowuk we pes ba­syş­ly bol­magy zerur. Şeý­le hem bu­lu­dy eme­le ge­tir­jek suw dam­ja­la­ry­nyň howada sak­la­nyp bil­me­gi üçin to­zan bö­le­jik­le­ri ge­rek.
Uçar­la­ryň mo­tor­la­ry öň ta­ra­pyn­dan ho­wa­ny çe­kip, ýa­ka­nyn­dan soň­ra yzyn­da­ky inçe tüs­se­çy­kar­dan ba­syş bi­len çy­kar­ýar. Mo­to­ryň sorup alan ho­wa­sy­nyň dü­zü­min­dä­ki bug has dy­kyz­la­şyp, da­şar­yk pür­kül­ýär. Ýokarda howa sowuk bolansoň, hereketlendirijiden çykan bug bada-bat doňýar. Mu­ňa “sub­li­ma­si­ýa” hem di­ýil­ýär. Ýag­ny, bug hal­da­ky su­wuň su­wuk ha­la geç­mez­den ga­ty ha­la öw­rül­me­gi, do­ňup, buz bol­ma­gy.
Ýer ýüzünde ýo­ka­ry gyz­gyn­lykda we ba­syş­da bu­gar­ýan su­wy ho­wa ba­da-bat özü­ne çek­ýär. Be­ýik­lik art­dy­gy­sa­ýyn ho­wa­nyň ýylylygy hem-de ba­sy­şy düş­ýär we ho­wa bu­gy öz içi­ne çe­kip bil­me­jek de­re­jä ýet­ýär. Em­ma bu­lu­dyň dö­re­me­gi üçin 3-nji şert hem zerur – to­zan bö­le­jik­le­ri. Uçaryň ýer­den 10 müň metr­ belentlikden bar­ýan ýe­rin­de ho­wa örän aras­sa bol­up, ol ýerde bu­lu­dyň eme­le gel­me­gi üçin ge­rek bo­lan to­zan bol­ma­ýar. Bu ýer­de to­zan bö­le­jik­le­ri­niň de­re­gi­ne tüs­se­çy­kar­dan çyk­ýan ýan­gyç toz­ga­jyk­la­ry bar. Şol se­bäp­li bu­lu­dyň eme­le gel­me­gi üçin äh­li şert­ler taý­ýar bol­ýar we uça­ryň yzyn­da in­çe bu­lut peý­da bol­ýar. Eme­li ýagdaýda dörän bu buludyň te­bi­gy bu­lutdan tapawudy ýok.
As­lyn­da, uçar­lar aşak­dan bar­ýar­ka hem he­re­ket­len­di­ri­ji­sin­den bu­g çyk­ýar. Em­ma sowuk howa, basyş, çyg­ly­ly­gyň muk­da­ry, ýe­liň ug­ry ýa­ly te­bi­gy şert­ler do­ly eme­le gel­män­di­gi üçin bu­lut bol­ma­ýar. Bel­li bir be­lent­lik­den bar­ýan uça­ryň yzyn­dan bu­lu­dyň peý­da bol­ma­gyn­a uçaryň ulu­ly­gy­nyň ýa-da gör­nü­şi­niň hiç hi­li tä­si­ri ýok­dur.