Ýük ulaglaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Volvo” Norwegiýanyň ýerasty baýlyklaryny çykarýan “Brønnøy Kalk” şereketi bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, sürüjisiz hereket edýän ulaglar 5 kilometrlik aralykda hek daşarlar. Şeýlelikde, “Volvo” ilkinji gezek öz öndüren sürüjisiz ulaglary bilen bagly şertnama gol çekdi. Şwed awtogurluşyk kärhanasynyň täze ulagynyň gatnajak aralygynda ýerasty geçelgeler hem bar. Ýük ulaglary hek käninden alnan ýüki portdaky gämä äkiderler. “Volvo” häzire çenli awtonom ýük ulaglaryny söwda maksatly ulanmaga taýýarlamak üçin dürli synag-tejribe işlerini geçiripdi. Onuň çäklerinde Braziliýada şekerçiňrik daşamakda, başga bir tejribede bolsa, zibilleri ýygnamakda peýdalanylypdy. 2016-njy ýylda bolsa, “Volvo” ýük ulaglary magdan käninde işledilip, adaty bolmadyk ýol şertlerinde synagdan geçirilipdi.
“Volvo Trucks”-yň awtonom çözgütler boýunça müdiri Sasko Kuklew awtonom sürüşi ulanyşa hödürlemekleriniň özlerini begendirýändigini, ulagyň belli aralykda gatnamagynyň müşderileriň isleglerini öwrenmäge ýardam etjekdigini belleýär.
Şertnama laýyklykda, “Volvo” ýük ulaglaryny satmady. Ol diňe ýük daşamak hyzmatyny hödürleýär. Şeýlelikde, özbaşdak ýük ulaglary gündelik durmuşda ulanylanda nähili meseleleriň ýüze çykyp biljekdigini hem anyklaýarlar. Hek käninde 6 sany ulag hereket eder. Ilkinji synaglarda ulaglar awtonom hereket edýän hem bolsa, rulda sürüji oturýar. Geljek ýylyň ahyrynda bolsa, ýük ulaglary dolulygyna özbaşdak hereket eder.