Ekologiýa taýdan iň arassa ulag bolan welosipediň ulanylyşy barha artýar. Onuň dürli ýol şertlerine niýetlenen görnüşleri az däl. Norwegiýanyň “reTyre” atly şereketi dürli howa we ýol şertlerinde tigriniň görnüşini aňsatlyk bilen çalşyp bolýan welosiped öndürdi. Welosipediň tigriniň daşyna ýoluň ýagdaýyna görä kauçuk daşlygy geýdirip bolýar. Bu daşlyk ýokary tizlikde we egrem-bugram ýollarda hem berkligi bilen tapawutlanýar. Bu ulgamda welosipediň adaty tigrinde syrma bar. Eger ýol gar ýa-da sürçek bolsa, tigriň daşyna bu syrma arkaly goşmaça daşlyk geýdirilýär. Tebigy kauçukdan öndürilen örtükleriň 3 görnüşi bar – ähli ýollara niýetlenen, gyşky we daga çykmak üçin. Şereket geljekde bu önümini kokos ýüplüginden we 100 % gaýtadan ulanyp bolýan kauçuk materiallardan öndürmek isleýär. Tigriň 26, 27,5, 28 we 29 dýuým ululygynda we dürli reňkli görnüşleri bar.