Sü­rü­ji­siz ulag­la­ry iş­läp düz­ýän “Way­mo” kom­pa­ni­ýa­sy söw­da mak­sat­ly il­kin­ji hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­läp baş­la­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Bu ulag­lar­da hä­zi­re çen­li do­wam eden sy­nag sü­rüş­le­rin­de mil­li­on­lar­ça ki­lo­metr ýol ge­çil­di. Kom­pa­ni­ýa öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry­ny “Way­mo One” at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da hyz­ma­ta hö­dür­lär. Bu mak­sat­na­mada ulag­la­ry wagt­la­ýyn kärendesine ber­mek göz öňün­de tu­tu­lan. Bu hyz­mat, il­kin­ji no­bat­da, ABŞ-nyň Ari­zo­na şta­ty­nyň Fe­niks şä­he­rin­de we onuň go­la­ýyn­da­ky Tem­pe, Me­sa hem-de Çand­ler ýa­ly şä­her­ler­de hö­dür­le­ner. Is­leg bil­dir­ýän­le­riň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, on­dan az san­ly müş­de­ri peý­da­la­nyp bi­ler. On­dan peý­da­lan­jak­lar ge­çen ýy­lyň ap­re­lin­den bä­ri aw­to­nom sü­rü­şe gat­na­şan adam­la­ryň ara­syn­dan saý­la­nyp al­nar. Müş­de­ri­ler aw­to­nom ula­gyň sü­rü­ji­si­niň otur­gy­jyn­da otur­ma­ly bo­lar. Ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ula­gyň do­lan­dy­ryl­ma­gy­na özi gatnaşar. Şeý­le hem de­giş­li en­jam­lar ar­ka­ly müşderi ulag bi­len bag­ly is­len­dik me­se­lä­ni yg­ty­ýar­ly hü­när­men­den so­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik alar.
“Alp­ha­bet” konglomeratynyň “Way­mo One” şe­re­ke­ti aw­tou­lag ön­dü­ri­ji we teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hem hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şol bir­wag­tyň özün­de bu hyz­ma­tyň ýo­la go­ýul­ma­gy bu ugur­da iş alyp bar­ýan beý­le­ki ön­dü­ri­ji­le­ri hem ti­je­ýär. “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem awtoulagy wagtlaýyn kärendesine berýän “Crui­se” at­ly hyz­ma­ty bo­lup, onuň gel­jek ýyl müş­de­ri­lere hödürlenjekdigi aýdylýar. Iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň aw­tou­lag­la­ry­ny ki­re­ýi­ne ber­mek­le­ri­niň esasy se­bä­bi on­dan köp muk­dar­da gir­de­ji gelýändigidir. Se­bä­bi tak­si hyz­mat­la­ry hö­dür­le­nen­de, onuň sü­rü­ji­si­ne hem aý­lyk ber­me­li bol­ýar. “Ge­ne­ral Mo­tors” San-Fran­sis­ko­da ulag­la­ry­ny kä­ren­de­si­ne ber­ýän şe­re­ket­le­riň sü­rü­ji­le­ri­ne bir mil ýol üçin or­ta­ça 3 dol­lar­dan gow­urak pul töleýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Şeý­le hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar wagt­la­ýyn ki­re­ýi­ne be­ril­ýär. Se­bä­bi şeý­le ulag­la­ryň ba­ha­sy gym­mat hem bolsa, ýan­gyç üçin çyk­da­jy­sy az bol­ýar. Müş­de­ri­le­riň sa­tyn al­ma­gy üçin ba­ha­sy amat­ly bol­ma­sa-da, şe­re­ket­le­riň sa­tyn alyp, ki­re­ýi­ne ber­me­gi üçin diý­seň amat­ly ha­sap­lan­ýar.
“Way­mo”-nyň tä­ze hyz­ma­ty­nyň ba­ha­sy­nyň aw­tou­la­gy­ny ki­re­ýi­ne ber­ýän “Uber” we “Lyft” ýa­ly beý­le­ki şe­re­ket­le­riň­ki bi­len bäs­deş­lik edip bil­jek de­re­je­de bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.