Smartfondyr kompýuterleriň köpelmegi çagalaryň oýun oýnamak endiklerini hem üýtgetdi. Eýsem, smartfondyr kompýuterlerde oýnalýan oýunlar peýdalymyka? Golaýda amerikan pediatrlar akademiýasynyň hünärmenleri pazzl, oýnawaç maşyn we otly ýaly oýunjaklaryň çagalaryň meseleleri çözmek başarnygyny artdyrýandygyny bellediler. Pediatrlar çagalaryň tehnologiýanyň aňy ösdüriji wideooýunlarynyň deregine, adaty oýnawaçlar bilen oýnamagynyň has peýdalydygyna ünsi çekýärler. Şeýle hem hünärmenler çagalaryň deň-duşlary bilen has köp gatnaşykda bolmagyň kämilleşmegi üçin örän ähmiýetlidigini belleýärler.
Akademiýa nähili oýnawaç saýlamalydygy barada kitapça hem taýýarlapdyr. Onda çagalaryň ses we yşyk ýaýradýan telefon we planşet oýunlaryny azrak oýnamalydygy bellenilýär. Şeýle hem aňyňda we hyýalyňda janlandyrmak ukybynyň ösmegi üçin el hem-de beden hereketlerini talap edýän oýunlaryň oýnalmalydygy aýdylýar.
Ogultäç Gurbanowa,
Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylsuw şäherçesindäki 7-nji orta mekdebiniň mugallymy.