Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara maslahatlarda özboluşly pikir alyşmalar geçirilip, halkara hyzmatdaşlygyna giň ýol açyldy. Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Saud gaznasy ýaly köp sanly iri maliýe guramalary hem-de halkara kompaniýalary gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýär.
Nebitgaz pudagyndaky netijeli işleriň çäklerinde şu ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze häzirki zaman gazhimiýa toplumy ulanmaga berildi. Bu toplumyň kuwwaty ýylda 5 milliard kubmetr gazy gaýtadan işlemäge we her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen önümçiligini ýola goýmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, häzirki döwürde Türkmenistanda karbamid, kaliý dökünlerini öndürýän kärhanalar, kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça seh ulanmaga berildi. Ýapon tehnologiýasy bolan GTL esasynda tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän kärhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurdumyzda gazhimiýa önümçiligini ýola goýmaga, şol sanda pes dykyzlygy bolan polietilen, polipropilen, poliwinilaseatat, poliwinilhlorid, metanol, suwuk hlor, sulfat natrisini öndürmäge gönükdirilen ýene-de birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumda ýokary ekologiýa ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjy, ýokary hilli ýol bitumy, çalgy ýaglary, polipropilen, suwuklandyrylan gaz ýaly bäsdeşlige ukyply nebit önümleri öndürilýär. Şeýle hem üstümizdäki ýylyň dowamynda ýurdumyzda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” halkara forumy hem-de Halkara Gaz kongresi geçirildi. Bu halkara forumlar dünýä derejesinde nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda pikir alyşmalaryň özboluşly meýdançasyna öwrüldi. Olara dünýäniň ençeme ýurdundan, has takygy Aziýadan, Ýewropadan, Amerikadan dünýä belli nebitgaz kompaniýalary, bilermenleri we syýasatçylar gatnaşýarlar.