Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na be­je­ri­şiň tä­ze usul­la­ry, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil en­jam­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­re­bap yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler, hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edilen be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry gu­rul­ýar.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň 21-nji iýu­lyn­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nil­me­gi we hü­när baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi hem-de bu pu­da­ga de­giş­li tä­ze bi­na­la­ryň ulan­ma­ga be­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rül­di. Şu ýyl Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar – kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky we ýur­du­myz­da­ky örän uly kö­pu­gur­ly we­la­ýat has­sa­ha­na­sy 47,6 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu luk­man­çy­lyk mer­ke­zi kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­ny, şeý­le hem luk­man­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem Ma­ry şä­he­rin­de bu se­nä ga­bat­la­ny­lyp, ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­bara­sy bol­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň dü­zü­mi­ne hi­rur­gi­ýa, gast­ro­en­te­ro­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa we rew­mo­kar­dio­lo­giýa, rea­ni­ma­si­ýa, anes­te­zio­lo­gi­ýa, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş, ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, ra­dio­lo­gi­ýa, gan ban­ky bö­lüm­le­ri gir­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da, 2018-nji ýyl­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da bir­nä­çe iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Ola­ra şu aşak­da­ky­la­ry my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da – “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy­nyň ulanmaga berilmegi bu ýer­de hal­ka­ra de­re­je­li döw­re­bap de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­ny ös­dür­me­giň ýo­lun­da ýe­ne-de bir ädim bol­dy. Şeý­le-de üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da­ky öz­gert­me­le­ri­mi­zi has-da çuň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, örän mö­hüm ta­ry­hy äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma­lar bo­lan, “Türk­me­nis­tan­da 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da al­ko­go­lyň zy­ýan­ly tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma”, “Türk­me­nis­tan­da ila­tyň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2018 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa” hem-de “Türk­me­nis­tan­da ila­tyň psi­hi­ki sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2018 – 2022-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma” ka­bul edil­di. Şeý­le hem Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da 200 orun­lyk şy­pa­ha­na­nyň we Gök­de­pe et­ra­byn­da iki ýüz orun­lyk Ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­nyň düý­bi tu­tul­dy. Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da bol­sa, Ka­ka et­ra­by­nyň mer­kezin­de we Gök­de­pe et­ra­by­nyň Hur­mant­gök­je oba­syn­da açy­lan tä­ze luk­man­çy­lyk des­ga­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di.